Sepleriň elýeterliligi

BMG: Liwiýadaky ýaraglaryň kontrol edilmegine çagyrylýar


Sişenbe güni BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy işler boýunça kömekçisi Linn Pasko Liwiýadaky ok-ýaraglaryň terror toparlarynyň eline geçmezligi üçin talabalaýyk kontrollygyň ýola goýulmagyna çagyryş etdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde bu barada eden çykyşynda Linn Pasko Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň režiminiň agdyrylmagy bilen, köpsanly ýarag arsenalynyň, şol sanda, howa raketalarynyň we himiki ýaraglaryň-da talabalaýyk goragsyz galandygyna ünsi çekdi.

Ol bu ýagdaýa mysal hökmünde geçen hepde Tripoliniň günortasyndaky Jufra şäheriniň golaýynda himiki ýaraglara degişli materiallaryň gözegçiliksiz galan ammarynyň üstüniň açylandygyny ýatlady.
XS
SM
MD
LG