Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkonyň sud diňlenişigi täzeden başlady


Sişenbe güni Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň işi boýunça sud diňlenişigi iki hepde arakesmeden soň, täzeden başlady.

Soňky wagtlar Timoşenkonyň aklawçylary we tarapdarlary onuň tussaglykdaky saglyk ýagdaýynyň görnetin ýaramazlaşandygyny aýdyp, bu ýagdaý barada aladalaryny mälim edipdiler. Ýöne şu günki gün onuň saglyk ýagdaýynyň nähilidigi barada anyk maglumat alynmady.

Ukrainanyň prokuraturasy Ýuliýa Timoşkenko ýurduň premýer-ministri bolup işlän döwründe öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, Ukraina üçin uly çykdajyly gaz ylalaşygyna gol çekenlikde aýyplama bildirýär.
XS
SM
MD
LG