Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň hökümeti al-Rastan şäherine goşun sürdi


Sişenbe güni Siriýanyň häkimiýetleri Türkiýe bilen serhet ýakadaky al-Rastan şäherinde ýüze çykan protestleri basyp ýatyrmak üçin, bu şähere goşun sürdüler. Ýerli aktiwistler protestçilere garşy tanklaryň we harby wertolýotlaryň-da sürlendigini aýdýarlar.

Protestçlere garşy ýarag ulanylmagy netijesinde bu şäherde sişenbe güni azyndan dört adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýadaky wakalarda soňky alty aýyň dowamynda azyndan 2 müň 700 töweregi adamyň ölendigini aýdýar.

Duşenbe güni Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Mualem BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda bu ýurtdaky wakalarda daşary ýurt guýçleriniň eliniň bardygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG