Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň goranmak ministri hüjümde aman galdy


Sişenbe güni habar agentlikleri Ýemeniň goranmak ministri Mohammad Nasser Ahmadyň janyna kast etmek üçin edilen hüjümde onuň aman galandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, Ýemeniň günortasyndaky Aden şäherinde ýüz beren bu wakada içine bomba ýerleşdirilen maşyn partladylypdyr.

Goranmak ministri Mohammad Nasser Ahmadyň janyna kast etmek üçin gurnaldy diýlip hasaplanylýan bu partlamada 10 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Şu günler Ýemende prezident Ali Abdullah Salehiň režimine garşy protest çykyşlary dowam edýär.
XS
SM
MD
LG