Sepleriň elýeterliligi

Bakuwdakydan we Aşgabatdakydan tapawutlylykda Almatydaky jaý ýykyşlyklaryň ýarasy ýeňil geçdi


Almatyda ýykylan jaýlaryň ýeri, 2008-nji ýyl.

Almatyda ýykylan jaýlaryň ýeri, 2008-nji ýyl.

Şäheriň häkimiýetleriniň paýtagtyň merkeziniň “arhitektura keşbini özgertmek” boýunça geçiren çäresi netijesinde Bakuwyň raýatlarynyň müňlerçesi bolubermese-de, ýüzlerçesi-hä öýlerinden jyda düşdüler. Şeýle betbagtçylyk Aşgabatda-da ýüz beripdi. Wakalaryň ikisinde-de halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalar bu işlere goşulmaly bolupdy. Almatydaky jaý ýykyşlygynda welin ullakan goh-galmagal ýüze çykmady.

Nebite we gaza baý postsowet ýurtlary öz paýtagtlaryny abadanlaşdyrmaga-da, hatda Gazagystanda edişleri ýaly täze paýtagty—Astanany gurmaga-da ýagdaý tapýarlar. Ýöne Gazagystandaky, Türkmenistandaky we Azerbaýjandaky lagşan jaýlary ýykmak, olaryň ornuna häzirki zaman jaýlaryny, köçeleri, meýdançalary gurmak proýektleri adam hukuklary aýylganç ýagdaýda, köpçülikleýin bozulman geçirilenok. Mejbury göçürilmeleriň möçberi, kwartiralaryň, öýleriň we ýer uçastoklarynyň adamlaryň elinden alynmagy, bikanun hasaplanylan jaý gurluşyklarynyň ýykylmagy ummasyz. Muňa garamazdan, adam hukuklaryny goraýan halkara guramalarynyň derejesinde Almatydaky we onuň gyrak-bujagyndaky wakalar Türkmenistandaky, aýratyn-da Azerbaýjandaky şeýle ýagdaýlar bilen deňeşdireniňde has az gowur döretdi.

“Postsowet döwrüniň solak, tutuksy şäherindäki gurluşyk şowhuny Bakuwy ýalpyldap duran megapolise öwrüp barýar” diýip, “Nýu-Ýork taýms” gazeti ýazýar. “Ýöne ösüşiň çöwre tarapy-da bar: bu ýerde arkama-arka, nesilme-nesil ýaşaýan maşgalalar öz ojaklaryndan gysylyp çykarylýar” diýip, makalanyň awtory Amanda Erikson belleýär.

Bikanun ýykyşlygyň nobatdaky pidasy içinde Parahatçylyk we demokratiýa instituty, “Pyýada goşunyň garşysyna ulanylýan minalary gadagan etmek boýunça Azerbaýjan kampaniýasy”, şonuň ýaly-da, zenanlaryň krizis merkezi kimin, esasy adam hukuklaryny goraýan guramalar ýerleşýän bina boldy. Bu bina Azerbaýjanda belli adam hukuklaryny goraýjy Leýla Ýunusa we onuň adamsy Arife degişlidi.


Wideo: Azerbaýjanda adam hukuklaryny goramak işinde iri merkezleriň biri bolan bina ýykylýar, 2011-nji ýyl.

“Ýurtda adam hukuklaryny goramak işinde iri merkezleriň biri bolan bu binanyň häkimiýetler tarapyndan rehimsizlik bilen ýok edilmegi ähli azerbaýjanlylar üçin aýylganç duýduryşdyr” diýip, “Hýuman Raýts Wotç” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça uly işgäri Jeýn Boýukenen aýdýar.

Şamsi Badalbeýli köçesindäki bina paýtagtyň häkimiýetleri tarapyndan baryp geçen ýyl alynmaga we ýykylmaga degişli edilipdi. Şu ýylyň maýynda är-aýal Ýunuslar ýerli suduň gozgalmaýan emläk boýunça suduň gutarnykly kararyna çenli alynmagyny ýa-da ýykylmagyny gadagan edýän hatyny aldylar.

Şonuň ýaly-da Leýla Ýunusyň Bakuwdaky başga-da gozgalmaýan emläkleriň alynmagy we ýykylmagy bilen baglanyşykly döwlet organlaryna ýüz tutandygy barada “Hýuman Raýts Wotç” guramasy “Azerbaýjan: ýyk-ha-ýyklygy we mejbury göçürilmegi togtatmaly” atly makalasynda ýazýar.

Jaýlary suduň karary bolmasa-da ýykýarlar

Adam hukuklaryny goraýan “Hýuman Raýts Wotç” guramasy Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewe we Baku şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýetine iýun aýynda iberen hatynda şäheriň merkezi bölegindäki ýüzlerçe hususy jaýlaryň we ofisleriň alynmagy hem-de ýykylmagy bilen baglanyşykly şäher meriýasynyň hereketine baş galdyrmaga çagyryş edipdi. Gozgalmaýan emläkleriň gurluşyk üçin köpçülikleýin alnyp başlanmagy (olaryň arasynda bagçylyk park kompleksi-de bar) 2009-njy ýylda başlandy. Iki ýylyň içinde edil müňlerçe bolmasa-da, ýüzlerçe adam ozalky öýlerinden mahrum boldular. Şahsy emläklere bolan hukuklar köpçülikleýin bozuldy.

Mysal üçin, ynha, üç gatly öýüň ilki üçegini aýrypdyrlar. Şeýdibem, ýaşaýjylary ýokarky gatdan gitmäge mejbur edipdirler. Birnäçe aýdan soňam aşaky gatda ýaşaýan adamlary-da öýlerinden köçä kowupdyrlar.

2010-njy ýylyň noýabrynda sekiz sany çyplaň geýnen adamy öýlerinden südürledip çykaryp, dokuz sagatlap polisiýada saklapdyrlar. Şoňa çenli işçiler öýlerdäki goş-golamlary daşyna çykarypdyrlar. Agşamara bolsa buldozerler jaýy ýykyp başlapdyrlar. Haçan-da ýaşaýjylar emläklerini almak üçin sklada baranlarynda, emläkleriň köpüsi zaýalanan, döwlen, ýiten eken.

Öýsüz-öwzarsyz galmazlyk üçin ylalaşmaly bolýar

Bakuwyň meriýasy Rufan Kýazimow diýen birini gozganmaýan emläkleriň köp sanly obýektlerini satyn almak we şahsy emlägiň eýelerini onuň bilen satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmaga mejbur etmek üçin ýeke-täk agent edip bellediler. Şu söwdany maliýeleşdirmek üçin serişdäni Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet nebit kompaniýasy (ARDNK) Rufan Kýazimowyň bank hasabyna bäş million manat (6,3 million dollar töweregi) geçirdi.

Hödürlenilýän öwez tölegi Bakuwyň merkezindäki gozgalmaýan emlägiň bazar bahasyndan örän pesdir. Häkimiýetler tarapyndan ýeke-täk baha kesildi — kwadrat metr üçin 1500 manat (1,900 dollar töweregi). Özem şu baha gozgalmaýan emlägiň ähmiýetine, ýagdaýyna, obýektiň ulanylan möhletine we beýleki ýagdaýlara garamazdan şeýle. Garaşsyz hasap-hesibe görä, merkezdäki kwadrat metriň bahasy ABŞ-nyň dört müň dollaryna düşýär.

Öwez töleginden we göçmekden boýun gaçyranlary köçä çykaryp kowuşlaryny, şundan soň olaryň öýsüz-öwzarsyz galýanlarynyňam bardygyny görüp duransoňlar, käbir beýleki emläk eýeleri häkimiýetleriň teklipleri bilen ylalaşmaga mejbur bolýarlar.

“Kanunyýetçilikde gozgalmaýan emlägi şunuň ýaly edip almaga esas ýok. Kanun hususy emläge hormat goýmaga kepil geçýär we döwlet onuň alynmagyna diňe iňňän kesgitlenilen zeruryýet mahalynda ygtyýar berýär: köçeleriň we beýleki kommunikasion liniýalaryň gurluşygy düşen ýagdaýynda, serhet zolagy kesgitlenende ýa-da goranyş häsiýetdäki obektleriň gurluşygy düşen ýagdaýynda. Onsoňam, bu zatlar suduň karary bilen resmileşdirilmeli” diýip, adam hukuklaryny goraýan “Hýuman Raýts Wotç” guramasy belleýär.

“Adamlar ýyllaryň dowamynda ýaşan öýlerinden we öý emläklerinden jyda düşýärler. Öweztöleg shemasy bolsa, köplenç halatda, şu ýitgileriň töweregindenem baranok. Jaýlary we ofisleri almak shemasy Bakuwyň meriýasy tarapyndan oýlanyp tapylan” diýip, adam hukuklaryny goraýjy Jeýn Boýukenen aýdýar. “Munuň özi kanunyň üstünden we Azerbaýjanyň şahsy emläge bolan hukuga hormat goýmak, hususy we maşgala durmuşynyň eldegrilmesizligi, adamkärçiliksiz daramagyň gadagan edilmegi ýaly halkara borçlarynyň üstünden gülünmegidir”.

Orta synpyň saly suw üstünde

Ozalky döwürde Azerbaýjan Sowet Soýuzynyň respublikalarynyň iň garyplarynyň biridi. 2005-nji ýylda Baku—Tbilisi—Jeýhan nebit geçirijisiniň gurulmagy bilen häzir Azerbaýjan postsowet döwletleriniň iň baýlarynyň biri boldy. Amerikanyň Döwlet departamentiniň maglumatlaryna görä, bu ýurduň içerki önüm çykaryşy soňky on ýylyň içinde üç esse artdy we takmynan 52 milliard dollara ýetdi.

Hal-ýagdaýyň şeýle ösmegi hökümete tutuş Baku şäheriniň keşbini özgertmäge itergi berdi. Onçakly belent bolmadyk köp kwartiraly demir-beton öýleriň we dükanlaryň ornunda häkimiýetler hakynatutma daşary ýurt kompaniýalarynyň kömegi arkaly beýik kompleksleri, söwda merkezlerini we otelleri gurýarlar. Hatda Hazar deňzinde Dubaýdaka meňzeş ada gurmak hakda-da gürrüň gidýär.

Bakuwyň üsti bilen baýlyk bary aksa-da, orta synpa degişli köp sanly ýaşaýjylaryň aýlygy inflýasiýanyň ösüşinden yza galýar.

Mugallym Eldost Elmanyň aýlyk haky 250 dollardanam pesräk. Olam, edil beýleki goňşulary ýaly, öýünden göçmek barada birnäçe hat aldy, polisiýa jaýy boşatmak barada talap bildirdi. Hökümet oňa şahsy emlägi üçin 100 müň dollar teklip etdi, ýöne munuň özi bärde maşgalanyň dokuz agzasyny ýerleşdirmek üçin uly kwartira almaga ýetenok.

Aşgabatdaky jaý ýyk-ha-ýyklygy

Öýleriň bikanun, sanksiýasyz alynmagy we ýykylmagy adamlaryň göçürilmegi Gazagystanda-da, Özbegistanda-da, Täjigistanda-da, Türkmenistanda-da, Gyrgyzystanda-da häli-şindi bolup dur. Emma bu haý-haýly wakalara halkara derejesindäki adam hukuklaryny goraýan guramalar tarapyndan ýeterlik derejede üns berilmedi.

“Hýuman Raýts Wotçyň” işgäri Erika Lalli Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gazak redaksiýasynyň beren sowalyna şeýle düşündiriş berdi: “Biz heniz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde jaýlaryň ýykylyşy bilen baglanyşykly düýpli derňewleri geçirmedik. Ýöne biz özümiziň Ýewropa parlamentiniň daşary işler boýunça komitetine 2011-nji ýylyň aprelinde iberen habarymyzda Türkmenistanda jaýlaryň ýykylyşy barada gysgaça ýazdyk”.

Aşgabatda ýykylan jaýlaryň ýeri, 2010-njy ýyl.



“Soňky 15 ýylyň içinde Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 2020-nji ýyla çenli “Ilatyň sosial-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli programmanyň” ady bilen Aşgabady we beýleki şäherleri özgertmekde ägirt uly proýektler durmuşa geçirilýär” diýip, “Hýuman Raýts Wotç” belleýär. Proýektiň esasy bölegi Aşgabatdaky we Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki jaýlary ýykmak. Öňde goýlan wezipeler müňlerçe ýaşaýjylary hak-hukuksyz ýa-da laýyk öweztölegsiz mejbury göçürmek arkaly durmuşa geçirilýär.

Bu proýektiň ulanylyşy açyk däl. Aşgabadyň rekonstruksiýasynyň umumy plany giň köpçülige elýeterli däl. Proýektiň resmi maksady—paýtagty modernizasiýalaşdyrmak we abadanlaşdyrmak, täze döwlet binalary, oteller, seýilgähler, fontanlar üçin territoriýalary boşatmak. Şunuň netijesinde hususy öýlüleriň müňlerçesi mejbury göçürildi.

“Hýuman Raýts Wotça” we bosgunlykda döredilen adam hukuklaryny goraýan türkmen guramasyna gelip gowşan maglumatlara görä, öý eýelerine göçmek hakyndaky duýduryş haty kä wagtlar bary-ýogy birnäçe hepdä ýeter-ýetmez wagt öňünden gelipdir. Olaryň öýlerine hiç hili bazar nyrhy kesilmändir. Täze jaýlaryň berilmegi ýaşaýyş jaý kanunyýetçiliginiň köp sanly bozulmalaryna getiripdir.

Köp halatlarda, mysal üçin, döwlet tarapyndan berlen täze jaýlaryň ölçegi öý eýesiniň ýykylan öýüniň ölçeginden az gelýär. Käbir ýagdaýlarda olar täze kwartiralaram almandyrlar, ýykylan öýleri üçin maliýe öweztölegini-de almandyrlar. Hususy öýlülere olaryň täze ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukuklary barada habar berilmeýär, aýry-aýry ýagdaýlarda bolsa ýerli häkimiýetler ujypsyzja öweztölegini talap etmäge çalşanlary yzarlapdyrlar we gorkuzypdyrlar.

“Turkmenistan.RU” saýtynyň habaryna görä, prezidentiň tabşyrygy boýunça obalaryň, posýoloklaryň, şäherleriň we etraplaryň merkezlerini 2020-nji ýyla çenli döwür aralygynda özgertmek boýunça milli programma 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli täzeden seredilmelidi. Bu möhlet geçdi. Programmanyň täze warianty barada açyk metbugatda hiç hili maglumat tapmak başartmady.

Şanyrak brendi

Mundan bäş ýyl ozal Gazagystandaky zorlukly öý ýykylmalary we mejbury göçürilmeler poliseýleriň we Şanyrak posýologynyň (Almatynyň gyrak-bujagy) ýaşaýjylarynyň arasyndaky pajygaly çaknyşmalara getirdi. Giňden mälim bolan şol wakada köp kişi ýaralandy, tussag edildi, bir poliseý diriligine ýakyldy.

Netijede, dört raýat uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy bu tussag edilenleriň ykbaly barada birnäçe sapar jikme-jik gürrüň beripdi. Esasy tussag bir wagtky dissident Aron Atabek. Onuň türme şertlerinde saklanyşy barada hiç zat mälim däl.

Şanyrakdaky wakalaryň öňüsyrasynda—2006-njy ýylyň tomsunda Almatynyň etegindäki Bakaýda hem onlarça öý ýumrulypdy. Bu çäre ýuridiki nukdaý nazaryýetiniň ýagdaýyndan şübheli görünýän bikanun salnan jaýlary ýykmak kampaniýasynyň çäginde geçirilipdi.

Oppozisiýadaky syýasatçy Žasaral Kuanyşalin Şanyrak işi boýunça sud edilenleriň jemgyýetçilik goragçysy bolup çykyş etdi. 2010-njy ýylyň iýulynda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren interwýusynda ol şeýle diýipdi: “Çinownikler şu ýerleri garyp-gasarlara satmak bilen baýadylar. Netijede, ýönekeý raýatlar iki ýumrugyň astyna düşdüler. Olar bir tarapdan, parahor çinownikleriň pidasy bolsalar, beýleki tarapdan, soňra hökümetiň özi şu uçastoklary olaryň ellerinden aldy. Bu adamlaryň elinde şol çinowniklerden alan bikanun dokumentleri bardy. Diýmek, hökümet bu ýerleri baýamak üçin ulanan bolup çykýar. Özem işiň soňunyň nähili gutarjagyny önünden bilip durka şeýdýär”.

Raýatlaryň öz jaýlaryny goramaga çalyşmaklaryna garamazdan, Almatydaky öý ýykyşlygy ýene birnäçe ýyl dowam etdi. Bu gowgaly wakalaryň netijeleri adam hukuklaryny goraýan halkara guramalarynyň üns berýän zadyna öwrüldi. Ýöne edilen işem aýtmak gerek. 2008-nji ýylda Ýewrokomissiýanyň goldamagynda “Şanyrak—biziň umumy öýümiz” atly proýekt döredi. Almatynyň toparlaryndaky käbir belli graždan aktiwistleri we ozalky oppozisiýadaky syýasatçylar Ýewropa strukturasyndan uly granty özleşdiripdiler. Olar, esasan, graždanlaryň hukuklaryny düşündirmek we goramak, kanundöredijilik inisiatiwasy bilen çykyş edipdiler.

Alisa Walsamaki Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG