Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň özdiýenli ministri wezipesinden çekildi


Alekseý Kudrin Minskde, 19-njy maý, 2011-nji ýyl.

Alekseý Kudrin Minskde, 19-njy maý, 2011-nji ýyl.

Orsýetiň wise-premýeri hem-de maliýe ministri Alekseý Kudrin hepdäniň duşenbe güni prezident Dmitriý Medwedew bilen bolan dawadan soň, wezipesinden çekildi. Medwedew Kudrine prezident komissiýasynyň maslahatynda wezipesinden çekilmegi teklip etdi. 2000-nji ýyldan bäri maliýe ministri wezipesini eýeläp gelen Kudrin, diňe Putin bilen geňeşip, bir karara geljekdigini aýtdy. Kremliň maglumatyna görä, Kudrin öz wezipesinden Putiniň resmi hatynyň esasynda boşadylypdyr.

Geçen hepdäniň şenbe güni “Bütewi Orsýet” partiýasynyň gurultaýynda prezidentlige dalaşgär edilip görkezilen Wladimir Putin täze hökümete Dmitriý Medwedewiň premier-ministr bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Şol gün hem Kudrin Medwedewiň ýolbaşçylyk etjek hökümetinde işläp bilmejekdigini mälim etdi.

Prezident Medwedew Dmitrowgraddaky maslahatda Kudriniň wise-premýerlikden duşenbe gününden gijikdirmän gitmegini talap etdi. Ol: “Siz bilýäňizmi, siz premier-ministr ýa-da islän beýleki adamyňyz bilen maslahatlaşyp bilersiňiz. Emma men prezident bolup otyrkam, beýle karary özüm kabul edýärin” diýdi.

Orsýetiň Konstitusiýasyna laýyklykda prezident hökümeti, şeýle-de premýer-ministri wezipesinden boşadyp ýa-da belläp bilýär. Emma wise-premýeri, hökümet başlygynyň teklibine görä, wezipesinden boşadyp bilýär. Şol sebäpden Medwedew bilen Kudriniň dawasy syýasy krizisi öjükdirmegi mümkin.

“Kudriniň Medwedewiň kabinetine goşulmajagyny yglan etmegi, eger-de Putin prezident bolsa, Kudriniň premýer-ministr bolaýmagynyň mümkindigini aňladýar” diýen gep-gürrüňiň giň ýaýran döwrüne gabat geldi.

Moskwaly analitik Wladimir Priblowskiý Medwedew bilen Kudriniň özara dawasy barada şeýle diýdi:

—Soňky bir ýylyň dowamynda Medwedewň prezident wezipesinde galmagy ugrunda hereket edýän klan we toparlar örän ejizledi. Olaryň bir bölegi Kudrinden umyt edip başlady. Olar ähtimal reformalar we özgerişlikleriň esasy guramaçysy, şýle hem konserwatiw toparlary häkimiýetden daşlaşdyrmagyň esasy inisiatory diňe Kudrin bolup biler diýip ynanýardylar. Olar Putini prezident, Kudrini premýer-ministr, Medwedewi bolsa hiç kim saýýardylar. Belki, ol konstitusion suduň başlygy wezipesine bellenerdi.

Kudrin bilen Medwedewiň arasyndaky dawanyň sebäplerinden biri Medwedewiň üç ýylyň içinde harby çykdajylary ABŞ-nyň dollarynyň hasabynda 65 milliard ýokarlandyrmak kararydygy aýdylýar. Tanymal ykdysatçy Ýewgeniý Ýasin soňky 10 ýylda Orsýetiň ykdysadyýetiniň ösmegine Kudriniň saldamly goşant goşandygyny belleýär:

—Meniň pikirimçe, soňky 10 ýyllykdaky ösüşleriň deň ýarymyndan köpüsi Kudrine degişli. Onuň hyjuwlylygyna, populýarlyga ymtylman, jogapkärli, maliýe kararlary kabul edýändigine men ýokary baha berýärin. Emma ýagdaý üýtgedi. Belki, ol haýsydyr bir wakanyň öňüni almak isländir we emosiýa berlendir. Belki Kremlde Kudrin bilen gepleşip, ony sylaglap orden bererler we ol başga bir wezipede işini dowam etdirer.

Ýasin ýaly köp syýasatçylar Kudriniň dolandyryjy elitadan daşlaşdyrylmaly däldigini aýdýarlar. Şeýle-de olar Kudriniň güýçli premýer-ministr boljakdygyny-da öňe sürýärler. 2012-nji ýylyň martyndaky prezidentlik saýlawlaryndan soň, täze hökümeti Dmitriý Medwedewiň gysga möhlet dolandyryp, ondan soň Putiniň premýer-ministr wezipesine Kudrini bellemeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Moskwaly analitik Wladimir Priblowskiý bu meselede anyk bir zat diýmegiň kyndygyny aýdýar:

—Medwedewiň premýer-ministr bolmagy şübhe astynda. Ol premýer-ministr bolaýan ýagdaýynda näçe uzak möhlet oturyp biler diýen sorag hem bar. Hemme zat Hudaýyň elinde. Has anygy, Putiniň elinde.

51 ýaşyndaky Alekseý Kudrin maliýe ministri wezipesini 2000-nji ýyldan bäri eýeläp gelýärdi. Putiniň dar syýasy meýdanynda agramly hasaplanýan Kudrin Günbatarda prinsipiallygy we durnukly pikir ýöredişi bilen hormata we abraýa eýe bolan resmidi. Ol “Uly sekizlikde” iň uzak işläp bilen maliýe ministridir.
XS
SM
MD
LG