Sepleriň elýeterliligi

Warşawada ÝHHG-niň konferensiýasy dowam edýär


Polşanyň paýtagty Warşawada ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça ýyllyk konferensiýasy dowam edýär.

Sişenbe güni bu ýerde ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisiniň baştutanlygynda amerikan delegasiýasy daşary ýurtlardan gelen türkmen syýasy aktiwistleri, oppozisiýa agzalary, adam hukuklaryny goraýjylary bilen duşuşdy.

Oppozision Respublika partiýasynyň agzasy Çary Işanýazow şol duşuşykda gozgalan meseleler barasynda Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Duşuşykda gozgalan esasy mesele 2012-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlary meselesi boldy. Biz ony möhüm hasaplaýarys. Şol saýlawlara daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýa agzalarynyň gatnaşmak isleýändigini, Berdimuhamedowyň saýlawlara gatnaşmaga çagyryş edendigini amerikan wekillerine aýtdyk”.
XS
SM
MD
LG