Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan terrorizme garşy aýgytly göreş alyp barmakçy


Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Har Yslamabadyň goňşy Owganystanda parahatçylygy dikeltmäge ýardam etmekçidigini, şu maksada etmek üçin Kabul hem Waşington bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda çykyş edip, Hina Rabbani Har ýakynda söweşijileriň Owganystana eden hüjümini ýazgarýandygyny hem Pakistanyň terrorizme garşy aýgytly göreş alyp barjakdygyny aýtdy.

Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilany Birleşen Ştatlary yslamçy söweşijiler bilen aragatnaşykda Yslamabady aýyplamagy bes etmäge çagyrdy.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň resmi wekilleri "Hakganynyň topary" bilen aragatnaşykda Pakistanyň ýörite gulluklaryny aýyplady.

Waşington talyplar bilen baglanyşygy bolan Hakganynyň söweşijilerini owgan territoriýasyndaky ençeme terroristik aktlara we hüjümlere jogapkär hasap edýär.
XS
SM
MD
LG