Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýkl Jeksonyň öňki lukmanyna sud edilýär


Pop sazynyň şasy, 2009-njy ýylda aradan çykan Maýkl Jeksonyň öňki lukmanynyň üstünden Los-Anjelesde sud prosesi başlandy. Konrad Mýurreý bilmezlikde adam öldürmekde aýyplanýar.

Aýyplaýjy tarap lukman tarapyndan berlen agyryny aýyrýan güýçli dermanyň gereginden artyk kabul edilmegi Jeksonyň ölümine sebäp boldy, aýdymçynynyň ýagdaýy ýaramazlaşanda lukman tiz kömegi wagtynda çagyrmady diýip, lukmana günä bildirýär.

Aklawçylar dermany uly möçberde ýalňyşlyk bilen Maýkl Jeksonyň özüniň kabul edendigini aýdýarlar.

Lukmana dört ýyl türme tussaglygy abanýar.
XS
SM
MD
LG