Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýada syganlara garşy protestler geçirildi


Sişenbe güni Bolgariýanyň ençeme şäherinde syganlara garşy şygarlaryň astynda protest ýörişleri geçirildi. Paýtagt Sofiýada demonstrasiýa ýüzlerçe adam gatnaşdy.

Milletçi ýaşlar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar boldy, saklananlar bar. Protestçiler hökümetiň hem parlamentiň jaýyna barmaga synanyşdylar. Uly protest aksiýalary Warna we Plowdiw şäherlerinde-de boldy.

Şeýle protsetlere Katunisa obasynda mundan öň etnik bolgarlar bilen syganlaryň arasyndaky çaknyşyk sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG