Sepleriň elýeterliligi

ÝB Timoşenkonyň sud derňewlerine alada bildirýär


Ukrain oppozisiýasynyň lideri, öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň sud derňewleri bilen bagly Ýewropa Bileleşigi ýene-de alada bildirdi.

Häzir Kiýewde Timoşenkonyň üstünden dowam edýän sud prosesi sişenbe güni Strasburgda - Ýewroparlamentiň mejlisinde maslahat edildi.

Kiýewdäki sudda prokuror Ýuliýa Timoşenkony ýedi ýyl azatlykdan mahrum etmegi sorady.

Timoşenko syýasy sebäpler ötri özüniň yzarlanýandygyny aýdýar.

Sişenbe güni agşam Kiýewde Timoşenkonyň tarapdarlary bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar boldy.

Çarşenbe güni sud prosesi dowam edýär.
XS
SM
MD
LG