Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, ÝB we Hytaý Ysraýylyň jaý planlaryny tankytlaýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Ysraýylyň Gündogar Ierusalimde täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky kararyny “ters netijeli” diýip atlandyrdy.

Klintonyň sözlerine görä, bu ädim Ysraýyl bilen palestinlileriň arasyndaky ýaraşyk gepleşikleriniň ýaňadan başlanmagyna ýardam etmez. ABŞ tarapy şol gepleşiklere çagyryp gelýär.

Ysraýylyň 1,100 sany täze jaý gurmak kararyny Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýokary wekili Ketrin Eşton hem tankytlady.

Bu aralykda, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hong Leý dawaly Gündogar Ierusalimde täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada Ysraýylyň kabul eden kararyna Hytaýyň “çuňňur gaýgylanýandygyny” aýdyp, Ysraýyly “seresaply hereket etmäge” çagyrdy.

Palestinliler Ysraýyl bilen göni gepleşiklere başlamagyň esasy şertleriniň biri hökmünde basylyp alnan territoriýalarda gurluşykdan ýüz öwürmegi öňe sürüpdiler.

Geçen hepde Palestin awtonomiýasynyň baştutany Mahmud Abbas Palestin döwletiniň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi, şol döwletiň paýtagtynyň Gündogar Ierusalim bolmalydygy barasynda BMG-e arza gowşurypdy.
XS
SM
MD
LG