Sepleriň elýeterliligi

Maşyn süren saudy zenanyna 10 dürre urlar


Saud Arabystanynyň sudy ýurtda açyk yglan edilmedik, ýöne hereket edýän düzgüni - aýallara maşyn sürmegiň gadaganlyk kadasyny bozan zenana 10 dürre urmak barada karar çykardy.

Şeýle höküm patyşalykda ilkinji gezek çykaryldy.

Saud Arabystanynda zenanlaryň ulag sürmegini gadagan edýän resmi kanun ýok, ýöne täsirli konserwatiw dini hadymlary şol gadaganlygyň peýdasyna ençeme gezek pikir aýdypdylar.

Şema Gassana höküm çykarylanda suduň bellemegine görä, ozal hökümetden rugsat alyp, soň ruluň başyna geçmeli eken.
XS
SM
MD
LG