Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen oppozisiýa wekilleri ÝHHG-niň konferensiýasynda


Polşanyň paýtagty Warşawada ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça ýyllyk konferensiýasy dowam edýär.

Sişenbe güni bu ýerde ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisiniň baştutanlygynda amerikan delegasiýasy daşary ýurtlardan gelen türkmen syýasy aktiwistleri, oppozisiýa agzalary, adam hukuklaryny goraýjylary bilen duşuşdy.

Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi bu duşuşyk barada daşary ýurtda döredilen oppozision “Respublika” partiýasynyň agzasy, öňki diplomat Çary Işanýazow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenler tarapyndan duşuşyga kimler gatnaşdy?

Çary Işanýazow: Türkmen tarapyndan duşuşyga Hudaýberdi Orazow, Annadurdy Hajyýew, Täjigül Begmedowa, Anatoliý Fomin hem men gatnaşdym.

Azatlyk Radiosy: Bu duşuşykda nähili meseleler gozgaldy?

Çary Işanýazow: Duşuşykda gozgalan esasy mesele 2012-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlary boldy. Biz ony möhüm hasaplaýarys. Şol saýlawlara daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýasynyň agzalarynyň gatnaşmak isleýändigini, Berdimuhamedowyň saýlawlara gatnaşmaga çagyryş edendigini aýtdyk.

Azatlyk Radiosy: Amerikanlaryň bu çakylykdan öň habary bar ekenmi?

Çary Işanýazow: Hawa, olar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýasyny saýlawlara gatnaşmaga çagyrandygyny bilýär ekenler. Biz öz tarapymyzdan oppozisiýanyň, hususan-da “Watan” syýasy-jemgyýetçilik hereketi bilen “Respublika” partiýasynyň Türkmenistana gaýdyp barmak hem saýlawlara gatnaşmak barada bilelikde beýannama ýaýradandygyny, ondan bäri iki ýarym aý töweregi wagt geçendigine garamazdan, türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç hili jogap ýa reaksiýa ýokdugyny gürrüň berdik hem şol çakylygyň hakykydygana şübhe bilen garap başlandygymyzy aýtdyk.
Amerikan diplomatlary biziň aladalarymyza düşünýändiklerini, Berdimuhamedowyň çakylygyny sorag astynda goýýandyklaryny bildirdiler.

Azatlyk Radiosy: Nähili anyk teklipler etdiňiz?

Çary Işanýazow: Biz tarapdan ençeme teklipler edildi. Amerikan delegasiýasynyň agzalary olary belläp aldylar hem şol teklipleriň amala aşmagy üçin üstünde işlejekdiklerini aýtdylar. Biz Türkmenistandaky saýlawlara gatnaşjak synçylaryň sanawynda ençeme ýurtda prezident we beýleki saýlawlary geçirmekde uly tejribesi bolan synçylaryň sanynyň artdyrylmagyny; ikinjiden, GDA ýurtlaryndan synçylary çagyrmazlygy teklip etdik. Meselem, Belarusdan gelen synçylardan nämelere garaşyp bolar? Türkmenistandaky prezident saýlawlaryna gatnaşjak synçylaryň sanyny türkmen häkimiýetleriniň çäklendirmezligini ÝHHG-ä hem amerikan delegasiýasyna teklip etdik.

Aýratyn bellemeli zat: biziň pikirimizçe, ýurduň içindäki türkmen žurnalistleri saýlawlary bir taraply beýan edýärler, ol bolsa hakykata bap gelmeýär. Şonuň üçin daşary ýurtlaryň dürli habar serişdelerinden belli žurnalistleri çagyrmagy teklip etdik. Amerikan delegasiýa agzalary bu teklipleri ýerlikli hem dogry hasap etdiler.

Azatlyk Radiosy: Dowam edýän konferensiýanyň çäklerinde indiki planlaryňyz nähili?

Çary Işanýazow: ÝHHG-niň wekilleri bilen biziň duşuşygymyz şu güne bellenen. Biz şol duşuşykda Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlary barasynda jikme-jik gürrüň etmekçi. Biz şeýle-de şu gün ýewropa ýurtlarynyň, hususan-da Germaniýanyň we Beýik Britaniýanyň wekilleri bilen duşuşmakçy. Bulardan başga-da konferensiýanyň gün tertibi boýunça maslahatlarda çykyş ederis.

Anna güni konferensiýanyň gün tertibinde saýlawlar meselesi bar. Şonda Nurmuhammet Hanamow çykyş eder.
XS
SM
MD
LG