Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň režimine garşy rezolýusiýa taýýarlanýar


Çarşenbe güni Ýewropa ýurtlary Siriýanyň režimine garşy täze rezolýusiýanyň taslamasyny taýýarladylar.

Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Portugaliýa tarapyndan taýýarlanan bu täze rezolýusiýanyň taslamasynda Siriýanyň režiminiň protestçilere garşy harby güýç ulanmasyny bes etmedik halatynda, bu ýurda garşy täze sanksiýalaryň ulanyljakdygy barada duýduryş berilýär.

Şeýle hem, Ýewropa ýurtlary tarapyndan taýýarlanan bu dokumentde Siriýadaky ynsan hukuklarynyň basgylanmagy hem-de parahat protestçilere garşy güýç ulanylmagy bilen baglanyşykly soňky wakalar berk ýazgarylýar.

Bu rezolýusiýanyň taslamasy şu gün giçlik BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde ara alnyp maslahatlaşylar diýlip garaşylýar.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýada dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda soňky alty aýyň dowamynda 2 müň 700-den gowrak adamyň ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG