Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýn: 21 aktiwiste çykarylan höküm öz güýjünde galýar


Çarşenbe güni Bahreýniň sudy şu ýylyň başynda bu ýurtdaky protest çykyşlaryna gatnaşan 21 aktiwistiň işi boýunça çykarylan ozalky hökümleri öz güýjünde galdyrdy.

Bahreýniň resmi habar agentligi bu sudda şu gün şaýy mezhebinden bolan 8 adama ömürlik türme tussaglygyny bermek baradaky ozalky hökümiň öz güýjünde galdyrylandygyny habar berdi.

Mundan daşary, maglumata görä, sünni mezhebinden bolan ýene 13 adama 2 ýyl bilen 15 ýylyň aralygynda türme tussaglygy berlipdir.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary şu ýylyň iýunynda Bahreýniň sudunyň bu aktiwistlere garşy çykaran hökümlerini ýazgaryp, çykyş edipdiler.
XS
SM
MD
LG