Sepleriň elýeterliligi

Barroso: häzirki krizis Ýewropa üçin uly synag


Çarşenbe güni Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Ýewropa Bileleşiginde býujet defisiti bilen bagly emele gelen häzirki maliýe krizisini Ýewropanyň taryhyndaky iň bir uly synag diýip atlandyrdy.

Ýewropa Parlamentinde eden ýyllyk ýüzlenmesinde Barroso häzirki maliýe krizisinden çykmak üçin Ýewropa Bileleşigine has-da özara jebisligiň zerurdygyny nygtady.

Onun bu çykyşy Gresiýanyň býujet defisiti bilen baglanyşykly Ýewropa Bileleşiginde uly maliýe kynçylyklarynyň ýüze çykan döwrüne gabat geldi.

Gresiýadaky bu kynçylyklar ýewro pul birligini ulanýan Ýewropa ýurtlarynyň-da maliýe-ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsirlerini ýetirdi.
XS
SM
MD
LG