Sepleriň elýeterliligi

Planlaşdyrylan Serbiýa-Kosowa gepleşikleri ýatyryldy


Çarşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň araçyllyk etmeginde Serbiýa bilen Kosowanyň planlaşdyran özara gepleşikleri ýatyryldy.

Bu dialoga Bileleşigiň adyndan araçyl wekil hökmünde gatnaşmaly Robert Kuper gepleşikleriň ýatyrylmagynyň sebäbini Serbiýanyň delegasiýasynyň bu gepleşikden ýüz öwrendigi bilen düşündirdi.

Bu wakanyň öňýany, şu hepdäniň sişenbe güni Serbiýa bilen Kosowanyň serhet geçelgesinde Kosowada ýaşaýan serbleriň bir toparynyň serhet gözegçilik punktyna hüjüm etmekleri netijesinde dartgynly ýagdaý emele gelipdi.

Wakada bu serhet geçelgesine gözegçilik edýän NATO-nyň esgerleriniň dördüsi, protestçi serblerden hem azyndan ýedisi ýaralandy.
XS
SM
MD
LG