Sepleriň elýeterliligi

Owgan hüjüminde 8 sany polisiýa işgäri öldürildi


Çarşenbe güni Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň Helmand welaýatyndaky bir barlag punktyna näbelli ýaragly adamlaryň eden hüjüminde 8 sany polisiýa işgäriniň ölendigini habar berdiler.

Bu hüjümiň jogapkärçligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni ýurduň Laşkar-Gar welaýatynda-da janyndan geçen bir hüjümçiniň maşyna ýerleşdirilen bombany partlatmagy netijesinde 5 sany ýerli ýaşaýjy ölüpdi.
XS
SM
MD
LG