Sepleriň elýeterliligi

Anapede türkmen sportsmenleri 5 medal aldy


Türkmen sportçulary çarşenbe güni Orsýetiň Anape şäherinde kikboksiň boýunça bolan dünýä çempionatynda 5 medal aldylar.

Bu ýaryş kikboksiň guramalarynyň bütindünýä assosiýasynyň howandarlygynda, 12 ýurduň gatnaşmagynda, 18 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň we erkekleriň arasynda geçirildi.

Türkmen komandasyndan türkmenabatly M. Togtamyşow altyn medal utdy. Aşgabatly studentler S. Esenow we Ş. Hallyýew kümüş medala, Ş. Hallyýew we A. Gylyjow bürünç medala mynasyp boldular.
XS
SM
MD
LG