Sepleriň elýeterliligi

Sudda Timoşenkonyň çykyş etmegine garaşylýar


Kiýewde çarşenbe güni öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň üstünden geçirilýän sud prosesiniň jemleýji tapgyrynda aklawçylar çykyş etdiler.

Olar kanunlaryň gödek bozulmagy esasynda derňewleriň geçirilendigini aýdyp, Timoşenkonyň hereketlerinde jenaýat alamatlarynyň ýokdugy üçin ony azatlyga çykarmagy suddan haýyş etdiler.

Ondan öň prokuror Ýuliýa Timoşenko 7 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorapdy.

Penşenbe güni Timoşenkonyň özüniň sudda çykyş ederine garaşylýar, ol şu wagta çenli syýasy äheňler ötri özüniň yzarlanýandygyny aýdyp gelýär.
XS
SM
MD
LG