Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda uly mukdarda neşe ele salyndy


NATO harbylary bilen owgan armiýasynyň bilelikde geçiren operasiýasynyň netijesinde Owganystanda uly mukdarda neşe ele salyndy.

Howpsuzlyga ýardam ediji halkara güýçleriň komandowaniýesi operasiýanyň günortadaky Gilment welaýatynda geçirilendigini, içinde ýüz kilogram geroinli ele salnan umumy neşäniň bahasynyň 350 million dollardygyny habar berdi.

BMG-niň guramaçylykly jenaýat boýunça edarasynyň maglumatyna görä, Owganystandaky bikanun neşe dolanyşygy her ýyl talyplara 400 million dollar töweregi girdeji getirýär.
XS
SM
MD
LG