Sepleriň elýeterliligi

Özbegistana garşy sanksiýalaryň dowam etdirilmegi soralýar



Adam hukuklaryny goraýan 20 gurama Birleşen Ştatlary Özbegistanyň prezidenti Islam Karimowyň töweregine garşy 2004-nji ýylda girizilen we şu wagta çenli hereket edýän amerikan sanksiýalaryny saklap galmaga çagyrdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar, şol sanda “Amnesty International” we “Freedom House” guramalary Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klintona hat ýolladylar.

Özbegistan Orsýetiň we Merkezi Aziýanyň territoriýasy arkaly Owganystandaky amerikan goşunlaryna ýük aşyrmak shemasyna gatnaşýan ýurtlaryň biridir.

Ýöne adam hukuklaryny goraýjylar şeýle ýagdaýda-da ýurtda oppozisiýa we graždan aktiwistleriniň, žurnalistleriň yzarlanmalarynyň dowam edýändigini, dini azatlygyň çäklendirilendigini unutmaly däldigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG