Sepleriň elýeterliligi

Eýranda hristian ruhanysyny jezalandyrmaga taýýarlyk görülýär


Eýranda täzeden yslamy kabul etmekden ýüz öwren hristian ruhanysynyň jezalandyrylmagyna görülýän taýýarlyklar baradaky habarlara Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Uilýam Heýg uly alada bildirdi.

Heýg Eýranyň häkimiýetlerini adam hukuklary boýunça alan borçlaryny ýerine ýetirmäge we Ýusup Nadarhana berlen ölüm jezasy baradaky karara ýaňadan seretmäge çagyrdy.

Ýusup Nadarhan dinden çykany üçin 2009-njy ýylda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG