Sepleriň elýeterliligi

Siriýa rezolýusiýasynyň iki görnüşine seredildi


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýadaky konflikt boýunça rezolýusiýanyň iki görnüşine seredildi. Olaryň biri Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Portugaliýa tarapyndan taýýarlanyp, ABŞ ony goldady. Bu dokumentde eger parahat ýaşaýjylaryň garşysyna siriýa hökümeti zorluklary bes etmese, Başar al-Asadyň garşysyna sanksiýa girizmegiň mümkinçilikleri barasynda aýdylýar.

Ikinji görnüşli proýekti Orsyetiň BMG-däki wekili Witaliý Çurkin hödürledi. Onda Başar al-Assadyň tarapdarlarynyň we garşydaşlarynyň zorluklary ýazgarylýar, emma sanksiýa barasynda hiç zat aýdylmaýar.

Weto hukugy bolan Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Orsýet we Hytaý, şeýle-de Braziliýa, Hindistan we Günorta Afrika Siriýanyň hökümetiniň garşysyna sanksiýa girizilmegine garşy.
XS
SM
MD
LG