Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da 26 ýaşly Rezwan Ferdöwsi terakt bilen bagly tussag edildi


Birleşen Ştatlarda Massaçusets ştatanyň ýaşaýjysy 26 ýaşly Rezwan Ferdöwsi tussag edildi. Derňewiň maglumatlaryna görä, ol Pentagonyň we Kongresiň binalarynda terroristik aktlary gurnamagy planlaşdyrypdyr.

Bostondaky Demirgazyk-Gündogar uniwersitetiniň fizika fakultetiniň uçurymynyň uçýan apparatlary partlaýjy maddalar bilen üpjün edip, uzak aralykdan dolandyrmak arkaly teraktlary planlaşdyrandygyny prokuraturanyň wekilleri habar berdiler.

Ferdöwsini saklamak operasiýasyny Federal derňew býurosynyň (FBI) belli bir wagta çenli bu işe şärik bolup görnen agentleri amala aşyrdy.Prokuraturanyň maglumatyna görä, Ferdöwsiniň her bir ädimi agentler tarapyndan yzarlanypdyr.

Rezwan Ferdöwsi Yrakda amerikan harbylarynyň garşysyna ulanylyp bilinjek bombalary ýasamak üçin materiallary “Al-Kaýda” ugratmaga synanyşykda hem güman edilýär.
XS
SM
MD
LG