Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “Medeniýet şäherçesiniň” açylyşy boldy


Çarşenbe güni Aşgabadyň “10 ýyl abadançylyk” we Atatürk köçeleriniň çatrygynda täze medeniýet şäherçesiniň täze binalar kompleksiniň dabaraly açylyşy boldy.

Bu şäherçä Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň binalary, umumy ýaşaýyş jaýlary, çagalar bagy, orta mekdebiň jaýy, köp gatly, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaý kompleksi, sport zaly we durmuş hyzmaty obýektleri girýär.

Medeniýet şäherçesiniň binalarynyň açylyşyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy we onuň adyna halka edýän hyzmatlary üçin doga okalyp, alkyş aýdyldy.
XS
SM
MD
LG