Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa ýewrozonanyň halas ediş fondunyň ygtyýarlyklaryny giňeltdi


German parlamentiniň aşaky öýi penşenbe güni Ýewropanyň maliýe durnuklylyk edarasynyň peýdasyna goldaw sesini berdi. Bu edara Ýewropa Bileleşiginiň adatdan daşary kömek fondy bolup, maliýe kynçylygyna düşen ýurtlara ýardam berýär.

Başda koalision deputatlaryň birnäçesi bu ses berişlige garşy boljaklaryny aýdypdylar. Bu kansler Angela Merkeliň häkimiýetini çynlakaý gowuşgunsyzlyga salar öýdülýärdi.

Emma Merkel ses berişlikde oppozisiýa bil baglamasyz ýeňiş gazandy. Has anygy, 440 milliard ýewrolyk kömek fonduna 523 deputat goldaw bildirdi, 85 deputat bolsa garşy ses berdi, üç deputat saklandy.

Bu çärä indi parlamentiň ýokarky öýünde ses berilmeli.
XS
SM
MD
LG