Sepleriň elýeterliligi

Internet düzgünleşdirmeleri söz azatlygyna wehim salýar


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç çarşenbe güni bu gurama agza döwletleriň birnäçesiniň teklip edýän Internet düzgünleşdirmesi syýasatynyň söz azatlygyna howp salýandygyny aýtdy.

Miýatowiç ÝHHG-e agza bolup durýan döwletleriň söz azatlygy baradaky borçnamalaryny ýatlatdy. “Beýle inisitiwalar söz azatlygyna wehim salýar we informasiýalaryň we ideýalaryň akymyna böwet bolýan “pikir diwarlarynyň” dikeldilmek töwekgelligini döredýär” diýdi.

Ol bu inisiatiwanyň Orsýet, Täjigistan we Özbegistan tarapyndan öňe sürlendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG