Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Türkmenistan” banky toý dabaralary üçin karz berýär


Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurduň “Türkmenistan” döwlet kommersiýa banky müşderilerine täze bir hyzmata başlady.

Aýdylmagyna görä, isleg bildirýänleriň ählisi toý dabaralaryny geçirmek üçin “Bagtly gün” karzyny alyp bilerler. Bu karz ýylyna 12 göterim tölemek şerti bilen iki ýyllyk berilýär.

Karzyň aňry çäk mukdary 14 müň manat, bäş müň amerikan dollaryna barabar bolmaly.
XS
SM
MD
LG