Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň paýtagtynda garşydaş toparlar çaknyşýar


Penşenbe güni paýtagt Sanaada prezident Ali Abdyllah Salehe ygrarly goşunlar bilen dissident güýçleriniň arasynda çaknyşyk döredi.

Şaýatlar şäheriň demirgazygynda, Salehiň ogly Ahmed tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän saýlama Respublika gwardiýasy bilen gaçgak general Ali Mohsen al-Ahmaryň güýçleriniň arasynda atyşyk bolandygyny aýdýarlar.

Mundanam başga paýtagtda, prezident köşgüniň golaýynda birnäçe partlamanyň bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG