Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud patyşasy aýal sürüjä dürre urmak höküminii yzyna gaýtardy


Saud Arabystanynyň patyşasy aýallaryň maşyn sürmek gadaganlygyny bozan aýala 10 dürre urmak barada çykarylan sud hökümini yzyna gaýtardy.

Jedda şäheriniň sudy şu hepde Şeýma Jestaýnany aýallaryň maşyn sürmek gadaganlygyny bozmakda günäli tapdy. Ol iýul aýynda maşyn sürüpdir we şu sebäpden 10 dürre urmak bilen jezalandyrylmaly edildi.

Bu höküm patyşa Abdylla aýallara 2015-nji ýylda geçjek ýerli saýlawlara gatnaşmaga rugsat berilýändigini yglan edenden sähel soň çykaryldy.

Saud Arabystany dünýäde aýallaryň maşyn sürmegini gadagan edýän ýeke-täk ýurtdur. Bu patyşalykda ne ýerli, ne daşary ýurtly aýallar maşyn sürüp bilýär.
XS
SM
MD
LG