Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Nokia” kompaniýasy 3,500 sany iş ýerini ýapýar


Finlandiýanyň “Nokia” kompaniýasy, dünýäniň iň uly mobil telefon öndürijisi penşenbe güni 3,500 sany iş ýerini kemeltjegini aýtdy. Bu ştat kemeltme esasan Rumyniýada täze açylan zawodyň hasabyna amala aşyrylar.

Ýyl ahyryna Klaž şäherindäki zawodyň ýapylmagy 2,200 işçä täsir eder. Bu zawod 2008-nji ýylda açylypdy.

Beýleki 1,300 iş orny Germaniýadaky, Birleşen Ştatlardaky we Finlandiýanyň özündäki bazalarda kemeldiler.

Şeýle-de bu kompaniýa özüniň Finlandiýadaky, Wengriýadaky we Meksikadaky uzak möhletli önümçilik operasiýalaryna gaýtadan sereder.

“Nokia” mobil telefony pudagynda ozalky kuwwatlylygyny dikeltmäge synanýar we şu ýyl “Maýkrosoft” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.
XS
SM
MD
LG