Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar: Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň öz işi


Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew (çepde) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar, Baku, 2008-nji ýylyň 19-njy maýy.
Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew (çepde) Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar, Baku, 2008-nji ýylyň 19-njy maýy.

Ýewropa Bileleşiginiň Hazar regionyndaky energiýa proýektlerini durmuşa geçirmek boýunça planlary köpçüligiň üns merkezinde galýar. 28-nji sentýabrda Bakuwda geçirilen Hazar-Ýewropa integrasion biznes klubunyň maslahatynda ABŞ Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan we Azerbajan bilen ylalaşyk baglaşmak kararyna öz garaýşyny mälim etdi.


ABŞ Ýewropa Bileleşiginiň Hazar regionynyň energiýa serişdelerini Ýewropa akdyrmak maksady bilen Türkmenistan we Azerbaýjan bilen ylalaşyk baglaşmak kararyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Azerbaýjandaky ilçisi Metýu Braýza Hazar-Ýewropa integrasion biznes klubunyň maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

ABŞ-nyň Azerbaýjandaky ilçisi Metýu Braýza
Emma, amerikan ilçisiniň pikirine görä, Azerbaýjan we Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygyna özbaşdak çemeleşmeli. Bu barada Metýu Braýza Bakuwda eden çykyşynda: “Biziň berk ynanjymyza görä, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Ýewropa bilen hyzmatdaşlyk barada nähili karara gelýänligi bilen hiç kimiň işi bolmaly däl” diýdi.

ABŞ-nyň Azerbaýjandaky ilçisiniň sözlerine görä, Waşington Ýewropadaky ýaranlary bilen bilelikde Ýewropanyň tebigy gaz üpjünçiliginiň ugurlaryny üýtgedilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Emma bu mesele diňe Ýewropa Bileleşigine, Türkmenistana we Azerbaýjana degişli bolmaly we muňa goşulyşmaga hiç kimiň haky ýok diýip, Braýza nygtady.

Kimden özbaşdak?

Amerikan ilçisi takyk bir ýurdy agzamadyk bolsa-da, synçylar amerikan ilçisiniň çykyşynda ilkinji nobatda Orsýetiň göz öňünde tutulanlygyny çak edýärler. Azerbaýjandan garaşsyz analitik Azer Hasrat bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

—ABŞ-nyň kimi göz öňünde tutýanlygy düşnükli. Energiýa resurslaryny Ýewropa akdyrmak meselesine gezek gelende Orsýet göz önünde tutulýar, bu Moskwanyň regiondaky täsirine degişli. Sebäbi hem Azerbaýjan, hem Türkmenistan Orsýet bilen gowy gatnaşyk saklaýar we hemişe Orsýetiň bähbitlerini göz öňünde tutup gelýär.

Bakuwdaky Hazar-Ýewropa integrasion biznes klubunyň maslahatynda ABŞ-nyň Azerbaýjana ikitaraplaýýyn esasda goldaw bildirýänligi aýdyldy. Azerbaýjanyň Ýewropa Bileleşiginiň “Transhazar” gazgeçiriji proýektiniň durmuşa geçirilmegine ýardam berip gelýänligi-de belläp geçildi.

“Transhazar” proýekti bilen baglylykda Türkmenistanyň roly barada aýdylanda, ilçi Metýu Braýza Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky aragatnaşyklaryň kommersiýa häsiýetine eýedigini belläp, muňa kanagatlanma bildirdi.

“Transhazar” boýunça gepleşik

ÝB “Transhazar” gazgeçiriji sistemasyny gurmak barada Türkmenistandyr Azerbaýjan bilen ylalaşyk baglaşmak kararyny sentýabr aýynyň başynda yglan edipdi. Bu gepleşikleriň oktýabrda geçiriljegi habar berlipdi.

Uzynlygy 300 kilometrlik “Transhazar” gazgeçiriji Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň giňişliginden geçip, Ýewropa Bileleşiginiň energiýa serişdelerini geçiriji “Günorta Akym” sistemasy bilen sepleşdiriler.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen bu gepleşikler barada öz resmi pozisiýasyny mälim etmedi. Orsýet we Eýran bu proýekte öz garşylyklaryny yglan edip gelýärler we öz pozisiýalaryny, hamana, ekologiýa sebapleri bilen düşündirýärler.

Azerbaýjanyň informasion agentlikleriniň maglumatlaryna görä, Hazar-Ýewropa integrasion biznes klubunyň Bakuwda geçirilen maslahatyna şeýle-de Orsýetden, Gazagystandan, Türkiýeden, Gürjüstandan we birnäçe ýewropa döwletlerinden bolan kompaniýalaryň we diplomatik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

2002-nji ýylda döredilen Hazar-Ýewropa integrasion biznes kluby Hazar we Gara deňiz regionlarynda işleýän ýa işlemek isleýän dünýäniň 50 ýurdundan bolan ýarym müňden gowrak kompaniýany öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG