Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Halyň niçik, aýdymçy?


Möwlamow: "Garaşsyzlyk döwrüniň iň ýaramaz nysaklarynyň biri-de hökümetiň göwnünden turmadyk aýdymçylara gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň girizilmegidir".

Möwlamow: "Garaşsyzlyk döwrüniň iň ýaramaz nysaklarynyň biri-de hökümetiň göwnünden turmadyk aýdymçylara gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň girizilmegidir".

Türkmen aýdym-saza uly hormat goýýar. “Bagşy gelipdir” sesi eşidilse, tutuş oba üýşerdi. Aýdym diňlemäge hatda goňşy obalardanam millet bary ýygnanardy. Bagşylar daňdana çenli diňlenýärdi. Her aýdyma goýun, düýe, haly, pul berlerdi.

Wagt geçýär. Bagşylaryň nesli çalyşýar. Telewideniýäniň, radionyň elýeter bolmagy bilen, indi millet bagşy-sazandalary öýünde-de diňläp bilýär.

Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Hangeldi Annamyradow, Tugur Berdinyýazow, Jepbar Hansähedow... sowet döwrüniň belli bagşy-sazandalarydy. Ýöne öz döwründe bularam, aýry-aýry sebäplere görä ýanalypdy, efirde çykyş etmeleri çäklendirilipdi. Elbetde, çäklendirmeler bagşy-sazandalara ýiti urgy bolýardy, olaryň zehinini küteldýärdi. Şeýle çäklendirmeleri halk köpçüligi-de unap baranokdy.

“Dikdurma bagşylar” ozdurdy

Sowet döwründe-de, garaşsyzlyk ýyllarynda-da “dikdurma bagşylar” ýetişdi. Gadym döwürlerde Orta Aziýa halklarynda, şol sanda türkmenlerde hem stol-oturgyç bolmansoň, halk bagşylary gadymdan bäri aýdymy düşegiň üstünde, oturyp aýdyp gelýärler. Şeýle bolansoň, döwürler üýtgäp, ýurda ýewropalylardan stol, oturgyç, mikrofon gelip, estrada aýdymçylary döränsoň, mikrofonyň ýanynda dik durup aýdym aýdýan estrada aýdymçylary halkyň arasynda “dikdurma bagşylar” diýen ady alypdy. Sowet döwründe-de, garaşsyzlyk ýyllarynda-da estrada aýdymçylary ýetişdi hem-de kämilleşdi.

“Her gülüň bir ysy bar” diýlişi ýaly, estrada aýdymçylary-da halka ýarady. “Dikdurma bagşylara” aýratyn-da ýaşlaryň söýgüsi artdy. Dutar bagşylarynyň sylagy-da şu güne çenli gaçanok. Ýöne toýlarda welin, halkyň köp bölegi estrada aýdymçylaryny çagyranlaryny gowy görýärler. Munuň-da sebäbi estrada sazyna goşup, tans edilýänligi üçindir.

Sowet döwründe Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Güljan Hümmedowa, Rimma Rozyýewa, Hojaw Annadurdyýew, Myrat Diwanaýew, Hoja Annaýew, Ýolaman Hummaýew, Annaberdi Atdanow, Aýdogdy Gurbanow, Myrat Sadykow ýaly tanymal hem ýurduň uly sylaglaryna mynasyp bolan estrada aýdymçylary halkyň söýgüli aýdymçylarydy. Bularyň atlarynyň yzyna ýene ençemeleriň atlaryny goşup bolar. Bu aýdymçylaryň arasynda Halkara derejesinde ykrar edilenleri-de, dürli abraýly baýraklara mynasyp bolanlary-da bar.

Leýla Şadurdyýewa - "Sen-sen"


Annagül Gurdowa - "Akja gar ýagýar"


Akyş Saparow - "Ýyka başlady"


Seýitnur Ataýew - "Daň şemaly"


Bally Hajyýew - "Eltmäň meni han dädemiň ýanyna"


Bibi Welmyradowa - "Gowuşarmyka"


Gurban Gummanow - "Ýakyp gitdiň"


Nurýagdy Tokgaýew - "Garyp"


"Güneş" topary - "Tüni derýa"


Näme üçin estrada aýdymçylarynyň ussatlygy pese gaçdy?

Eýsem şu günki gün estrada aýdymçylarynyň arasynda ýokarda adyny tutup geçen aýdymçylarymyza deňleşjegi barmy? Hatda häzir estrada aýdymçylary öňkülerden has köpeldi. Olaryň “sany-sajagy ýok” diýsegem boljak. Radiodyr telewideniýede her gün diýen ýaly täze-täze aýdymçylar peýda bolýar. Şolaryň agramly böleginiň professional derejesi örän gowşak. Hatda olaryň köpüsi “Şu öň ýeke sapar aýdym aýdyp gördümikä?” diýdirýär.

Garaşsyzlyk döwrüniň iň ýaramaz nysaklarynyň biri-de hökümetiň göwnünden turmadyk aýdymçylara gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň girizilmegidir. Şol gadagançylyklaryň nämä esaslanyp girizilenligi barada ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde takyk maglumat berilmeýär. Aýanlygyň, açyklygyň ýok ýerinde-de elbetde, her dürli myş-myşlar döreýär. Onsoň, aýdymçylara gadagançylyklaryň girizilmeginiň neşe bilen, ahlak bozuklygy bilen, açgözlük bilen baglanyşdyrylýan wagtlary-da bolýar. Ýöne gadagançylyk girizilenleriň arasynda hökümetiň “sazyna” tans etmek islemedikleriň bardygyny-da hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek.

Gadagançylyklar, çäklendirmeler türkmen estrada aýdymçylarynyň mekdebini ýykdy. Gadagançylyklar hil-hil boldy. Ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow “Bagşylaryň jukguldysy nämä gerek?” diýip, türkmen bagşy-sazandalarynyň tas hemmesine diýen ýaly çäklendirme girizdi. (Mälim bolşy ýaly, türkmen halk aýdymlary aýdylanda bagşy kä mahal başyny ýaýkap, sazy öz jukguldysy bilen baýlaşdyrýar). Dünýä jemgyýetçiligine mälim bolşy ýaly, Nyýazowyň döwründe esasan, serdaryň özi hakdaky aýdymlar ýol alypdy.

Belli estrada aýdymçysy Akyş (Akmuhammet) Saparow ozalky prezidentiň öňünde Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Ýyka başlady” diýen aýdymy aýdany üçin halkyň öňüne çykmakdan mahrum edildi. Magtymguly şahyryň bu goşgusyndaky “Orramsydan bolan haramhor begler ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady” diýen sözlerini häkimiýetler hem prezident özüne çekýärdi. Akyş Saparowyň bu aýdymy ýaňlanansoň, bagşa asla hiç ýerde ýol bolmady. Akyş bagşa şol gadagançylyk häzirem saklanyp dur. Diýmek, häzirem öňki ýol bilen ýörelýär.

Soňky döwrüň ussat aýdymçylarynyň biri Leýla Şadurdyýewanyň ykbaly-da Akyşyňkydan enaýy bolmady. Ýogsa, Leýla “Ak saçly perişdämiz” diýip, Saparmyrat Nyýazowyň tarypyny ýetirýän aýdymlary-da aýdypdy. Şol aýdymlary aýdýarka ol: “Öldürýänem bolsalar, “Beýik serdary” öwjek!” diýip, köpçüligiň öňünde gara çyny bilen aýdypdy. Ýöne Leýla “Beýik serdary” hakynda her näçe öwgüli aýdymlary aýtsa-da, hut Nyýazowyň özi onuň “bokurdagyny bogdy”. Leýlanyň gadagan edilmegi babatda-da her hili gürrüň bar. Olaryň esasysy Leýlanyň neşe maddasy bilen ele düşmegi hasaplanýar.

Belli aýdymçylar Bally Hajyýew, Gurban Gummanow, Annagül Gurdowa, Atabaý Çarygulyýew... daga hem gadagançylyklar, çäklendirmeler girizilipdi. Şol çäklendirmeler bagşylaryň käbiriniň ýogalandygyna garamazdan hem, aradan aýrylmaýar. Halkyň arasynda söýgi gazanan bagşylar Bally Hajyýew, Atabaý Çarygulyýew dagynyň ozal telewideniýede giden klipleri häzirki “Türkmen owazy” aýdym kanalynda-da görkezilmeýär. Resmileriň bu hereketine hiç kim düşündiriş berip bilenok.

Professional derejesi ýokary saýylýan aýdymçylaryň köpüsine gadagançylyklar, çäklendirmeler girizilensoň, indi türkmen estradasynda ýüze tutar ýaly aýdymçylaram galmady. Olaryň köpüsiniň ussatlyk derejesi sowet döwrüniň çeper höwesjeňleriniňkiçe-de ýok. Onsoň nädip türkmen estrada aýdymçylary halkara derejesine çyksyn?!

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG