Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barak Obama hemaýatçylaryny ýitirýär


Barak Obama
Barak Obama
“Gara güýç gerek bolar”. Prezident Obamanyň ýakyn kömekçisi saýlawlaryň öň ýanyndaky göreş mümkinçiliklerine şeýle baha berdi. Munuň özi Ak Tamyň Barak Obamanyň saýlawlarda ses almak ugrundaky göreşde gaty köp kynçylyklar bilen çaknyşmaly bolunjakdygyny birinji sapar boýun alşydyr.

Prezidentiň esasy syýasy geňeşçisi Barak Obamanyň täzeden prezidentlige saýlanmak boýunça häzirki kampaniýasynyň işsizligiň ýokary derejesi we Waşingtondaky partiýalara garşy durmasy bilen keýpi gaçyrýandygyny boýun aldy:

—2008-nji ýylda ýel biziň ýelkenlerimizi üfläpdi. Häzir, tersine, ýel biziň ýüzümize üfleýär. Prezident ýeliň garşysyna ýöreýär, çünki tutuş ýurt ýeliň garşysyna ýöreýär — diýip, Dewid Akselrod aýtdy.

Dewid Akselrod Nýu-Hempşir ştatynda biznes liderleriniň forumynda çykyş edende respublika partiýasynyň adyna ige baryny sürtdi, onuň pikiriçe, respublika partiýasy prezidentiň iri syýasy inisiatiwalaryny bökdeýär:

—Biz Waşingtona gelenimizden öz garşydaşlarymyz bolan Respublikan partiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýarys diýip, çynymyz bilen ynanýardyk. Ýöne çakymyz çykmady. Mundan başga-da Respublikan partiýasyndan prezidentlige dalaşgär bolmak isleýän häzirki nesil çakdanaşa ideýalaşan. Beýle ýagdaýy men ömrümde birinji gezek görýärin.

Akselrod Barak Obamanyň Amerikanyň ortaça synpynyň bähbitlerini goramaga ýykgyn etmekden ýüz öwürmejekdigini aýtdy. Saýlawlary geçirmek boýunça Obamanyň ştabynyň ýolbaşçylary özleriniň strategiýalaryny şeýle düşündirýärler. Häzirki prezidenti gaýtadan saýlamakda oňa “goldaw beriji referendum” hökmünde wezipe göz öňünde tutulmady. Munuň özi häzirki prezident bilen onuň aşa konserwatiw garşydaşlarynyň (Respublikan partiýasy) arasyndaky seçilip alnyşdyr. Demokratlar eýýämden Obamanyň mümkin bolaýjak esasy iki garşydaşynyň — Tehasyň gubernatory, konserwator Rik Perri bilen Massaçusetsiň ozalky gubernatory — biraz aramrak hasaplanylýan Mitt Romniniň gulluk wezipeleri, gelip çykyşlary we gaýrylary öwrenmäge girişdiler.

Şol bir wagtyň özünde prezident Obamanyň Wall-Stritdäki millionerler bilen sözüniň azaşmagy we maliýe sektoryny reformalaşdyrmak boýunça tagallasy ony goldaýanlaryň sanyny ep-esli azaltdy. “Blumberg” habar agentliginiň maglumatlaryna görä, Obamany 2008-nji ýyldaky saýlawlarda goldan hemaýatçylaryň azyndan ýüzüsi bu sapar pul çeklerini häzirki prezidentiň kompaniýasynyň gaznasyna däl-de, onuň mümkin bolaýjak respublikaçy garşydaşy Mitt Romniniň saýlaw gaznasyna geçirdi.

Romni öz döwründe maliýe kompaniýalarynda esasy wezipelerde işläpdi. Bilermenler bu ýagdaýyň Obamanyň bähbidine bolaýmagy mümkin diýýärler. Munuň özi Obama maliýe industriýasynyň tankytçysy hökmünde çykyş etmäge bahana bolup biler. Sebäbi amerikalylaryň köpüsi ýurtdaky dörän problemalary maliýe industriýasyndan görýär. Ýöne, beýleki tarapdan, Obamanyň saýlaw kampaniýasyny alyp barmak üçin serişdeleriniň çäkli bolmagy mümkin. Eger-de Obama geçen saparky saýlaw kampaniýasy üçin maýa goýujy gazna industriýasyndan 15 million dollar töweregi alan bolsa, häzir bu sektordan donorlaryň peşgeşi bary-ýogy 857 müň dollardan geçýär. Şol bir wagtda Mitt Romniniň şu çeşmelerden alan puly 2 million 300 müň dollardan geçdi.

Allan Dawydow Azatlyk Radiosyny Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG