Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýkl Jeksonyň ganyna galdylarmyka ýa-da ol öz-özüni heläkledimikä?


Ölmeziniň öňüsyrasynda Maýkl Jekson täze programmany repetisiýa edýän eken.
Ölmeziniň öňüsyrasynda Maýkl Jekson täze programmany repetisiýa edýän eken.
Maýkl Jeksonyň jesediniň suratynyň görkezilmegi we Jeksonyň neşeden serhoş ýagdaýynda goýup giden telefon habarynyň eşitdirilmegi bilen aýdymçynyň ganhorlukda aýyplanýan şahsy wraçy Konrad Mýurreýe sud işi başlandy. Prokuratura suraty we ses ýazgysyny wepat bolana söýgi duýgularyny oýarmak maksady bilen hem-de Jeksonyň deminiň sogrulmagynyň öňüsyrasyndaky anyk ýagdaýyny bermek üçin görkezdi.

Maýkl Jeksonyň tarpa-taýyn ölmegine wraçyň hereketleri sebäp boldy — prokuror bu barada kardiolog Konrad Mýurreýiň üstünden başlanan sud prosesiniň açylyşynda mälim etdi. Aýdymçynyň şahsy wraçy tötänlikde bolan ganhorlukda aýyplanýar.

Prokuror Deýwid Uolgreniň aýtmagyna görä, doktor seresapsyzlyga we başarnyksyzlyga ýol beripdir. Şunuň netijesinde aýdymçy propofolyň artykmaç düşmeginden heläk bolupdyr. Propofol güýçli uky dermany we rahatlandyryjy serişdedir. Adatça, ol keselhana şertlerinde gan damaryndan goýberilýär. Wraçyň aklawçysy Ed Çernoffyň aýtmagyna görä, öz ölümi üçin aýdymçynyň özi günäkär, çünki doktor aýak ýoluna giden mahaly Jeksonyň özi propofolyň goşmaça dozasyny kabul edipdir.

Oturdaşlary saýlamak uzak we kyn iş boldy. Sebäbi tutuş ýurtda Maýkl Jeksony tanamaýan we onuň ölümine ýüregi awamaýan adamy tapaýmak aňsat düşmez. Häzirki oturdaşlaram — 7 sany erkek bilen 5 sany zenanam şeýle adamlaryň hilinden. Belli ýurist Maýkl Geragos mümkin bolaýjak gorag strategiýasy barada aýdanda hut şu zatlary göz öňünde tutupdy: “Eger-de goraýan tarap wraçyň müşderisini köp möçberdäki dermany kabul etmekden el çekdirmek islänini subut edip bilse, onda, munuň özi, aýdymçyny gowy görýänlerde ynam döredip biler”.

Oturdaşlaryň günä bildirmäniň beýleki bölegine nähili garajakdyklary nämälim. Ol şundan ybarat: doktor emeli dem bermegi nädogry ýerine ýetiripdir we “Tiz kömegiň” işgärlerine öz müşderisiniň propofol kabul edenini duýdurmandyr. Maýkl Jekson ukusyzlykdan kösenýärdi we dermansyz ýatyp bilmeýärdi. Ol şahsy wraçyny — Konrad Mýurreýi öz öýüne göçüripdi we oňa aýda 150 müň dollar töleýärdi.

Ýuristleriň pikirine görä, doktora 4 ýyla çenli türme tussaglygy howp salýar. Ýöne onuň abraýy göz öňünde tutulyp, möhletiň şertli bolmagy-da mümkin. Aýdymçynyň maşgalasy şeýle jezanyň juda gowşak boljakdygyny aýdýar we has berk çäre görülmegini talap edýär. Jeksonyň 14 ýaşly uly ogly Prins Maýklyň şaýat hökmünde çykyş etmegine we onuň kakasynyň ölen gününde nämeleriň bolup geçenini aýtmagyna garaşylýar.

Ölmeziniň öňüsyrasynda Maýkl Jekson täze programmany repetisiýa edýän eken. Ol bu programmany Londonda etjek 50 çykyşynda görkezmekçidi eken. Oňa biletler konsertlerden kän öň satylypdy. Aýdymçy şol konsertlerden düşen serişdeler bilen özüniň örän uly bergi-borjunyň, bolmanda bir bölegi bilen hasaplaşmagy umyt edýärdi.

Wladimir Morozow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG