Sepleriň elýeterliligi

“Mynasyp durmuş obrazy üçin” atly baýragyn eýeleri belli boldy


Stokgolmda “Mynasyp durmuş obrazy üçin” atly ýyllyk baýragyň laureatlary yglan edildi. Baýrak halkara žýuri hem şwed parlamenti tarapyndan berilýär. Ol “Nobel baýragynyň alternatiwasy” hökmünde-de bellidir.

2011-nji ýylda baýraga Çaddan adam hukuklaryny goraýjy Žaklin Mudiena, ABŞ-dan akuşer-lukman Aýna Meý Gaskin we kiçi fermerleriň hukuklaryny goraýan halkara gurama mynasyp boldy.

Baýrak eýeleriniň hersi 68 müň dollar alar. Baýrak fondunyň düzgünine görä, şol pul hususy hajatlar üçin ulanylyp bilinmez.

Baýrak gowşuryş dabarasy 5-nji dekabrda şwed parlamentiniň jaýynda bolar.
XS
SM
MD
LG