Sepleriň elýeterliligi

Ýemende “Al-Kaýdanyň” esasy adam toplaýjysy öldürildi


Waşingtonyň ýurt içindäki howpsuzlyga uly wehim hasaplan jeňçisi öldürildi.

Ýemeniň Goranmak ministrligi Birleşen Ştatlarda doglan radikal ymamyň anna güni, öz ýoldaşlarynyň birnäçesi bilen bilelikde öldürilendigini aýtdy. Al-Awlaki “Al-Kaýdanyň” arap ýarym adasyndaky iňlis dilli propagandistidi.

Birleşen Ştatlaryň adamsyz uçary maý aýynda Al-Awlakini nyşana alyp, pys geçipdi.

Al-Awlaki 2004-nji ýylda Ýemene göçmezinden öň Birleşen Ştatlardaky metjitlerde wagyz edýärdi. Ol Ýemende “Al-Kaýdanyň” esasy adam toplaýjysy bolupdy.
XS
SM
MD
LG