Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň komissiýasy Siriýa goýberilmegini talap edýär


BMG-niň adam hukuklary komissiýasy özüniň Siriýa goýberilmegini we prezident Başar al-Assada garşy protestlerde öldürildi we gynaldy diýilýän adamlar barada derňew geçirmäge ýol berilmegini talap edýär.

Komissiýanyň başlygy Polo Pinheýro Ženewada çykyş edip, “biz konflikt mahalyndaky çagalaryň ýagdaýy barada elhenç habarlary aldyk” diýdi.

Şularalykda Waşington penşenbe güni özüniň Siriýadaky ilçisine hüjüm edilmegini ýazgardy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton bu hadysany diplomatlary gorkuzmaga gönükdrilen kampaniýanyň bölegi atlandyrdy.

Ilçi Robert Ford bir oppozisiýa wekiliniň edarasyna baranda Assadyň tarapdarlary oňa pomidor zyňdylar. Ol gaharly mähelläniň gabawynda birnäçe sagatlap jaýyň içinde galdy.
XS
SM
MD
LG