Sepleriň elýeterliligi

Obama Al-Awlakiniň ölümi “Al-Kaýda” uly zarba diýýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama anna güni Ýemende amerikan howpsuzlygyna uly howp hasaplanan Al-Awlakiniň öldürilmegi “Al-Kaýda” terror guramasyny ýeňmek tagallasynda bir ýetilen sepgit diýdi.

“Awlakiniň ölümi “Al-Kaýdany” we onuň şahamçalaryny dargytmak ugrundaky giň tagallanyň ýene bir saldamly sepgidi boldy” diýip, Obama aýtdy we munuň “Al-Kaýda” we onuň ýaranlaryna dünýäniň hiç bir ýerinde arkaýynlyk bolmajagynyň ýene bir subutnamasydygyny nygtady.

Ýemeniň Goranmak ministrligi anna güni Birleşen Ştatlarda doglan ymam Al-Awlakiniň öldürilendigini habar berdi.

Amerikan resmileri onuň Merkezi aňtaw gullugynyň adamsyz uçary tarapyndan öldürilendigini aýdýarlar.

Al-Awlakiniň ýanynda ýene bir amerikaly, Samir Kan hem öldürilipdir. Ol Al-Awlakiniň internet neşirlerini redaktirleýärdi.
XS
SM
MD
LG