Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täze sport kanalynda "awtorlyk hukugy saklanmaly"


Dünýä we halkara derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlaryny göni efirde çanak antennalary arkaly görmäge türkmenistanly tomaşaçylaryň mümkinçilikleri bar.

Dünýä we halkara derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlaryny göni efirde çanak antennalary arkaly görmäge türkmenistanly tomaşaçylaryň mümkinçilikleri bar.

30-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze açyljak altynjy kanalda dünýä derejesinde, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän sport ýaryşlarydyr gepleşikleri görkezmek boýunça meseläniň üstünde işlemegi Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň başlygy Şadurdy Alowowa tabşyrdy.

Prezident Alowowa daşary ýurtlardan alnyp görkeziljek sport ýaryşlarydyr gepleşikleriniň awtorlyk hukugynyň saklanylmalydygyny berk tabşyrdy.

Berdimuhamedowyň ýurduň başyna gelmegi bilen Türkmenistanda sporta uly inwestisiýalar edilip başlandy. Hususan-da, geçen ýyl bahasy 2 milliard dollara barabar "Olimpiýa" şäherçesiniň gurluşygyna başlandy. Mundan başga-da, ýurduň paýtagtynda hem-de welaýat merkezlerinde, etraplarda ýaşlar üçin birnäçe sport mekdepleri guruldy.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan 2017-nji ýylda Aşgabatda üsti ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada karar kabul edilensoň, Türkmenistanda sporta has-da uly üns berlip başlandy. Býujet edaralarynda işleýänler bolsa özleriniň işden boş günlerinde sport çärelerine mejbury gatnaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Ilkinji sport kanaly

Döwletiň sporta şeýle derejede üns berýändigini nazarda tutsaň, onda ýurtda sporta degişli aýratyn telekanalyň bolmagy kada laýyk hasaplanýar. Türkmenistanda häzir jemi bäş sany telekanal bar. Olaryň ählisi döwletiň garamagynda. Täze dörediljek altynjy kanal bolsa ilkinji sport telekanaly bolar. Bu kanal ýakynda ulanylmaga beriljek “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinde ýerleşer.

Ýurduň çäginde geçirilýän ownukly-irili sport ýaryşlary, esasan, "Ýaşlyk" telekanaly arkaly görkezilýär. Ýöne ol sport ýaryşlarynyň ählisi göni efirde gitmän, diňe ýazgyda berilýär.

Türkmenistanda geçirilýän sport ýaryşlaryndan başga, "Ýaşlyk" telekanaly halkara derejesindäki wajyp saýylýan sport ýaryşlaryny hem alyp görkezýär. Emma ol ýaryşlar, daşary ýurt telekanallarynyň translýasiýasyny awtorlyk hukugyny bozmak arkaly alnyp görkezilýär.

Awtorlyk hukugyny saklamak aňsat düşermi?

Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, täze açyljak sport kanalynda prezidentiň tabşyryşy ýaly, awtorlyk hukugyny saklamak telewideniýäniň ýolbaşçylaryna aňsat düşmese gerek. Sebäbi dünýä derejesinde geçirilýän uly sport ýaryşlary, ýagny futbol boýunça dünýä çempionaty, olimpiýa oýunlary ýaly ýaryşlaryň telegörkezilişiniň bahasy millionlarça ýewrodan geçýär.

Diňe býujet tarapyndan maliýeleşdiriljek bu sport kanalyna döwlet tarapyndan millionlarça ýewro möçberde serişdäniň goýberiljekdigine şübhe bilen garaýanlar az däl. Altynjy telekanalyň daşary ýurtlardan sport gepleşikleridir ýaryşlarynyň ikinji, üçünji derejedäkilerini satyn almagy mümkin. Bu bolsa, täze sport kanalynyň auditoriýasyna ep-esli derejede öz täsirini ýetirer. Sebäbi dünýä we halkara derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlaryny göni efirde çanak antennalary arkaly görmäge türkmenistanly tomaşaçylaryň mümkinçilikleri bar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG