Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gündogar ýaranlaryndan” Belarusyň göwni galdy


Warşawada geçen “Gündogar ýaranlygy” sammitinde, 30-njy sentýabr.
Warşawada geçen “Gündogar ýaranlygy” sammitinde, 30-njy sentýabr.
Belarus Warşawada geçen “Gündogar ýaranlygy” sammitine gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda şeýle diýilýär: sammitiň öňüsyrasynda ony gurnaýjylar Belarusa bolan garaýyşda görlüp-eşidilmedik kemsidiji çäreleri gördüler. Olar Belarus döwletiniň baştutanyna çakylyk hatyny ibermekden saklandylar, şonuň yzysüre-de Minsk tarapyndan delegasiýa baştutan edilip bellenen—Belarusyň Polşadaky ilçisi Wiktor Gaýsenok sammitiň çärelerine gatnaşmakda çäklendirildi.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko
Geçen ýylyň dekabrynda prezident saýlawlaryndan soň Belarusyň ähli ýokary derejeli ýolbaşçylary Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna barmak gadagan edilýän adamlaryň gara sanawyna girizildi. 200-e golaý familiýadan ybarat sanawyň başynda dördünji möhlete bellenen prezident Lukaşenko duransoň, onuň Polşadaky sammite gatnaşmagy kesgitlenen çäre boýunça mümkin däldi.

“Gündogar ýaranlygy” sammitine Belarusdan ýurduň daşary işler ministri Sergeý Martynow çagyryldy. Ýöne 28-nji sentýabrda Belarusyň Daşary işler ministrligi sammite gatnaşjak delegasiýa Polşadaky belarus ilçisi Wiktor Gaýsenok baştutanlyk eder diýip habar ýaýratdy. Ýewropa Bileleşigi Gaýsenogyň belarus delegasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde gatnaşjak derejesine hem-de ölçegine sowuk-sala garady: diplomat 28-nji sentýabrda hatda resmi däl agşamlyk naharyna-da çagyrylmady. Agşamlyk nahary sammitiň dabaraly açylyşyny alamatlandyrýardy. Netijede, banketden galdyrylan Gaýsenok 30-njy sentýabrdaky umumy maslahata gatnaşmady, Belarusyň Daşary işler ministrligi bolsa resmi beýanat ýaýratdy: “Şunuň ýaly şertlerde sammite gatnaşmak mümkinçiligi aradan aýrylýar—ýaranlyk kemsidilmelere esaslandyrylmaly däldir”.

Garaýyşlar çolaşdy

—Şu gün biz doly düzümde däl. Çakylyga seretmezden, şu günki maslahata “Gündogar ýaranlygy” programmasynyň ýurtlarynyň biri—Belarusyň delegasiýasy gatnaşmaýar. Munuň özi Ýewropa we Belarus üçin biziň henizem garaşyp ýören özgerişliklerimiziň nähili wajyp boljakdygyna ýene bir güýçli duýduryşdyr—diýip, premýer-ministr Donald Tusk sammitiň umumy maslahatyny açyp duran mahaly aýdyp geçdi.

Belarus häkimiýetleriniň munuň ýaly hereketine syýasaty öwreniji Aleksandr Klaskowskiý şeýle düşündiriş berýär:

—Resmi Minsk tarapyndan şeýle ädim ädilmegine garaşaýmalydam, sebäbi bärde pikirler, garaýyşlar çolaşdy. Megerem, Belarus tarapy syýasy tussaglaryň köp bölegini türmelerden çykaryp, Ýewropadan nähilidir bir “kemputjyk” isläpdi. Ýöne Ýewropa tarapy bu meselede durnuklylyk görkezdi. Onuň pozisiýasy şundan ybarat: syýasy tussaglaryň hemmesini türmeden çykarmaly we aklamaly, diňe şundan soň Belarus bilen nähilidir bir gepleşiklere başlap bolar. Mümkin, şonda Günbatar tarapyndan nähilidir bir pul serişdesi-de geçiriler.

Bärde duýgy böleginiň örän güýçlüdigine garamazdan, Minsk şonuň bilen bir wagtda barysynyň hasap-hesibini dürs ýöredýär. Çünki “Gündogar ýaranlygy” sammiti pul “üwelýän” ýer däl. Şonuň üçinem ýeliňem çykaryp bolýar, “ýanbermezligiňi-de” görkezip bolýar. Onsoňam, Brýusseliň Belarusy öňi-soňy şu programmadan öçürmejegi görnüp dur. Şeýlelikde, gepleşige ýol galýar. Şol bir wagtda bolsa, Belarusyň Daşary işler ministrligi “Gündogar ýaranlygynyň” 2009-njy ýylda Pragada geçirilen birinji sammitinde ylalaşylan “esasy ýörelgelerini gödek bozmakda” ýewropaly ýaranlaryny aýyplaýar. Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Andreý Sawinyhyň sözlerine görä, Belarus sammitiň bähbidi üçin işeňňirlik bilen taýýarlyk görüpdir, onuň çärelerine gatnaşmak isläpdir. Ýöne sammiti gurnaýjylar özleriniň hereketi bilen “bu regional başlangyçlaryň işjeňligine zyýan ýetirýärler we munuň üçin jogapkärçilik çekýärler”.

Dawanyň köki

Resmi Minsk bilen Günbataryň arasyndaky gapma-garşylyklaryň köki nämede? Bu babatda “Razam” (“Bilelikde”) raýdaşlyk hereketiniň lideri Wýaçeslaw Siwçik öz pikirini şeýle beýan edýär:

—Lukaşenkonyň düzgüniniň sammitdäki häzirki hereketini, elbetde, öňünden görmek mümkindi. Häzir Belarusdaky ýagdaý ýeňil däl. Režim özüni mümkin boldugyndan has gymmat satmaga çalyşýar. Polşanyň daşary işler ministri Sikorskiniň beýan eden shemasynda, göýä, Lukaşenko Belarusa Gündogar, Aziýa standartlaryny girizýär, şol bir wagtyň özünde-de Günbatardan karz almak isleýär, şol berginem soňra belaruslar üzmeli bolar—şu Lukaşenkonyň düzgüni üçin esas, ýöne, munuň özi, Belarus üçin bütinleý kabul ederlikli däldir. Resmi düzgüniň wekilleriniň sammitdäki hereketi hem hut şuny görkezýär: belarus halkynyň bähbitleri dünýä çykaryljak bolsa, oppozisiýanyň halkara hereketiniň işeňňirleşmegi zerur. Sebäbi Lukaşenkonyň režiminiň geljegi ýok.

Şol bir wagtda Warşawada belarus oppozisiýalarynyň wekillerini ýokary derejede garşyladylar. Olaryň duşuşanlarynyň arasynda Ýewropa Geňeşiniň baştutany Herman wan Rompeý, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk bar. “Siziň Belarusda demokratiýanyň ýeňmegi üçin edýän işleriňize biz örän minnetdardyrys. Häzir gözenegiň aňyrsynda saklanýan biziň ýoldaşlarymyz üçin edýän goldawyňyz üçinem minnetdardyrys” diýip, belarus oppozisiýasynyň liderleriniň biri Wladimir Neklýaýew Polşanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykda aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Belarusyň Daşary işler ministrliginde-de duýduryş berilýär: “Gündogar ýaranlygy” sammitiniň Belarusyň bähbitlerine galtaşýan we döwletiň resmi wekilleriniň gönüden-göni razylyk bermezden, kabul eden kararlary kanuny däldir.

Beýleki möhüm wakalar

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç (çepde) we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Warşawada geçen sammitde, 30-njy sentýabr.
Sammitiň beýleki möhüm wakalary barada aýdanyňda bolsa, Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň saparyna-da Warşawada aýratyn ähmiýet berildi. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşigi, ilkinji nobatda-da, Polşa üçin örän wajyp hasaplanýar. Ýewropa Bileleşigi bilen Kiýewiň arasynda şu ýylyň ahyryna çenli hyzmatdaşlyk etmek boýunça borçnamalara gol çekilmegi-de şuňa şaýat bolup biler. Şu waka bilen baglanyşykly Wiktor Ýanukowiçi onuň polşaly kärdeşi Bronislaw Komorowskiý gutlady:

—Men prezident Wiktor Ýanukowiçi we tutuş Ukrainany tüýs ýürekden gutlamak isleýärin, şonuň bilen birlikde Polşa özüniň iň möhüm goňşusyny—Ukrainanyň Ýewropa tarap ugruny gyşarnyksyz goldar.

“Gündogar ýaranlygy” sammitiniň tamamlanan mahaly Polşanyň premýeri Donald Tusk Ýewropa liderleriniň Belarus üçin kömek bermegiň birnäçe möhüm çözgütlerini kabul edendiklerini aýtdy. Ýöne munuň üçin syýasy tussaglaryň boşadylmagy we demokratik reformalaryň başlanylmagy şert edilip goýuldy. Şonuň ýaly-da, Gürjüstan we Moldowa bilen ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça gepleşiklere başlamak karar edildi, şeýle hem ýaranlygyň käbir ýurtlary bilen wiza düzgünini ýatyrmagyň plany tassyklanyldy.
XS
SM
MD
LG