Sepleriň elýeterliligi

Medeniýet halka näme berer?


Gulgeldiýew: "medeniýet şäherçesi gurulsa-da, medeniýet instituty gurulsa-da, ýurtdaky syýasat üýtgemese, olar halka hiç hili ruhy iýmit berip bilmez".

Gulgeldiýew: "medeniýet şäherçesi gurulsa-da, medeniýet instituty gurulsa-da, ýurtdaky syýasat üýtgemese, olar halka hiç hili ruhy iýmit berip bilmez".

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýene-de ajaýyp binalaryň birnäçesi ulanylmaga tabşyryldy.

28-nji sentýabrda ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Medeniýet we Ykdysadyýet şäherçeleriniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy, oňa okuw mekdepleriniň täze binalary we medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi girýär.

Türkmenistanda dünýä ülňülerine gabat gelýän şeýle ajaýyp binalaryň gurulmagy örän gowy zat. Şeýle owadan jaýlardaky çagalar baglary, mekdepler körpeleriň bilim hem terbiýe alýan ýyllarynda olaryň ençemelerine haýyr berer. Bu desgalaryň arasynda gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan 200 amerikan dollary möçberinde alýan aýlyklary bilen 200 müň dollara golaý bolan jaý bahasyny nähili ýagdaýda üzjegi belli bolmasa-da, garaz, ýolbaşçylar bilen bir hatarda pukara medeniýet işgärleriniň birnäçesine-de ýetdi. Bu örän guwançly hadysadyr. Sebäbi henize çenli medeniýet işgärlerinden beýle gymmat binalardan jaý alyp görenleri ýokdy. Jaýyň bahasyny otuz ýyllyk möhletde üzmeli. Belki, oňa çenli, medeniýet işgärleriniň eline-de pul düşer!

Täze gurlan medeniýet institutynyň gözel binasynyň öňünde duran halatyň bu institutyň hem-de onuň taýýarlajak medeniýet we sungat işgärleriniň geljekde halka näme berip biljekdigi hakda oýlanmaga mejbur bolýarsyň.

Eýsem-de bolsa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, sazçylyk mekdebiniň täze binalarynyň salynmagy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösüşine, onuň dünýä derejesine çykmagyna, halkyň ruhy iýmitden gandyrylmagyna täsiri ýetermi? Türkmen medeniýetiniň diňe daşky keşbi däl, eýsem içerki dünýäsi hem täzelenermi?

Bu sowallara hiç hili pikir öwürmezden, “ýok” diýip, jogap beresiň gelýär. Sebäbi medeniýet üçin, sungat üçin institut, ýörite şäherçe gurlanam bolsa, aslynda, häzir türkmen medeniýeti, sungaty, edebiýaty ýitirim bolma derejä ýetdi. Olar garaşsyzlyk ýyllarynda “boglup öldürildi”. Häzirki medeniýet, sungat, edebiýat diýilýän bir adamyň waspnamasyna hyzmat edýän saz-söhbet, eserler. Ölini bolsa nähili owadan jaýa salanyňda-da, parhy ýok. Ol ölüligine ýatar.

Ol owadan şäherçeler binalarynyň, institutlaryň gurulmagy syýasy oýna degişli. “Ine, Türkmenistan öz raýatlaryna şeýle ajaýyp binalary sowgat edýär” diýmek üçin gurulýan gymmatbahaly binalaryň aňyrsynda ýüz müňlerçe adamlaryň betbagtçylygy ýatyr. Işsizlikler ýatyr, öýsüzlikler ýatyr. Ýurda gelýän tebigy baýlygyň halkyň hersine deň-derman paýlanmagynyň ýerine öwünmäge amatly gymmatbaha binalaryň köpelmegi şonça-da halky garyp günlere itýär.

Institutlarda dünýä halklarynyň medeniýetiniň, sungatynyň ýeten derejeleri türkmen medeniýeti bilen deňeşdirilib-ä öwredilmez. Zehinli kadrlar öz-özünden döräýende hem olara bir adamyň waspnamasyndan başga drama eseri, saz eseri ýazdyrylmaz, ýazaýanlarynda-da olaryň eserleri halka ýetirilmez, gadagan ediler. Režissýor dünýä derejesine çykjak gowy oýny goýup bilmez, artist gowy roly oýnap bilmez. Bir adamyň waspyny ýetirýän oýunlar, rollar bolsa dünýä derejesine çykarylmaýar.

Şeýlelikde, gepiň kelte ýeri—medeniýet şäherçesi gurulsa-da, medeniýet instituty gurulsa-da, ýurtdaky syýasat üýtgemese, olar halka hiç hili ruhy iýmit berip bilmez.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG