Sepleriň elýeterliligi

Karzaý: “Talyban” bilen ähli gepleşikler togtadylýar


Ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý häzirlikçe “Talyban” toparlary bilen parahatçylyk baradaky ähli gepleşikleriň togtadylýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol parahatçylyk meselesi boýunça täze strategiýanyň yglan ediljekdigini mälim etdi.

Ýekşenbe güni bu mesele barada eden çykyşynda prezident Karzaý Pakistanyň häkimiýetlerini-de ekstremizme garşy has netijeli göreş alyp barmaga çagyrdy.

Onuň talybanlar bilen gepleşigi bes edýändigi baradaky çykyşy ýurduň ozalky lideri hem-de parahatçylyk gepleşikleri boýunça araçyl wekili Burhaneddin Rabbaniniň janyna kast edilip öldürilmeginiň yzýanyndaky günlere gabat geldi.
XS
SM
MD
LG