Sepleriň elýeterliligi

Sirtäniň ýaşaýjylary şäheri terk edip başladylar


Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafiniň dogduk şäheri Sirtäni ele almak ugrunda oppozision söweşijileriň öz hüjümlerini güýçlendirmekleri bilen, köp ýaşaýjylar bu şäheri terk edip başladylar.

Sirte şäheriniň parahatçylykly ýol bilen berilmegi barada Liwiýanyň geçiş hökümetiniň Muammar Kaddafä ygrarly güýçler bilen geçiren gepleşikleri netije bermänsoň, bu şähere garşy hereketlerini güýçlendirdi.

Halkara Gyzyl Haç guramasy Sirte şäheriniň gabalmagy we oka tutulmagy netijesinde şäherde gumanitar ýagdaýyň örän ýaramazlaşandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG