Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda 700 protestçi tussag edilip, soňra boşadyldy


Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherinde korporatiw maliýe syýasatyna garşy geçirilen protest demonstrasiýasynda polisiýa 700-den gowrak adamy tussag astyna aldy.

Polisiýa olaryň Bruklin köprüsindäki transport gatnawyna böwet bolmaga eden synanyşyklary üçin tussag edilendigini habar berdi.

Ýöne ýekşenbe güni polisiýa bu tussag edilen protestçileriň tas hemmesiniň diýen ýaly azatlyga goýberlendigini mälim etdi.

“Occupy Wall Street” atly jemgyýetçilik hereketiniň agzalary Birleşen Ştatlaryň bank sistemasynyň alyp barýan maliýe syýasatyna, ýurtda emele gelen işsizlige we sosial kynçylyklara garşy protest çykyşlaryny indi ikilenji hepde dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG