Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýanyň bosgunlykdaky oppozisionerleri birleşýär


Ýekşenbe güni Siriýanyň bosgunlykdaky oppozision toparlarynyň wekilleri Türkiýede geçiren maslahatlarynda özara Geňeş döretmek kararyna geldiler.

Bu oppozision Geňeş Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini häkimiýetden çetleşdirmek ugrunda ýurduň içinde alnyp barylýan göreşe ýakyndan ýardam bermekligi göz öňünde tutýar.

Bu wakanyň fonunda ýekşenbe güni Siriýanyň resmi habar çeşmeleri oppozision söweşijileriň bäş gün bäri ýaragly garşylyk görkezýän Rastan şäherini hökümet güýçleriniň doly öz kontrollygyna alandygyny habar berdi.

Rastan şäherini öz kontrollyklaryna almak üçin Siriýanyň häkimiýetleri bu şähere 40 müň töweregi esger, şol sanda ýüzlerçe tanklarydyr harby wertolýotlary-da sürdüler.
XS
SM
MD
LG