Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arktikanyň üstündäki ozon örtüginiň 80%-i ýok


Ýekşenbe güni Britaniýanyň “Nature” atly ylmy žurnaly şu üstümizdäki ýylda Arktikanyň üstündäki ozon örtüginiň örän uly derejede ýitirilendigi barada ylmy barlaglaryň netijesini çap etdi.

Bu ylmy maglumata görä, Arktikanyň 20 kilometr töweregi ýokarsynda gün radiasiýasyndan goraýan ozon örtüginiň 80 prosente golaýy ýitirilipdir.

Bu ozon ýitgisiniň häzir esasan Arktikada uly gerime eýedigi we onuň belli bir derejede Gündogar Ýewropa regionyna, Orsýetiň merkezi regionlaryna we Mongoliýa-da täsir edýändigi aýdylýar.

Alymlar ozon ýitgisiniň sebäbini atmosferada jemlenen himiki gazlar bilen baglanyşdyrýarlar.

Atmosferada ozon örtüginiň azalmagy adam organizmi üçin howply bolan ultramelewşe şöhleleriniň ýere päsgelçiliksiz geçmegine şert döredýär.
XS
SM
MD
LG