Sepleriň elýeterliligi

Ukarina Babiý ýar gyrgynçylynyň 70 ýyllygyny belleýär


Ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç duşenbe güni Kiýewde 70 ýyl ozal bolan Babiý ýar gyrgynçylygynyň pidalarynyň hatyra gününe gatnaşar.

1941-nji ýylyň sentýabrynyň ahyrynda, Kiýewi basyp alan nemes basybalyjylary ýewreýleri toplap, Babiý ýar gorpunyň gyrasynda durzup atypdyrlar. Bu gyrgynçylyk birnäçe günläp dowam edipdir.

Babiý ýar gyrgynçylygynda 33,700-den gowrak ýewreýiň öldürilendigi aýdylýar.

Nemes basybalyjylary bu ýerde 100 müňden gowrak adamy, şol sanda Gyzyl goşunyň ýesir düşen esgerlerini hem jezalandyryp öldüripdirler.
XS
SM
MD
LG